26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
SPORT

Uniwersiada tamamlanyp barýar

“Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly şanly şygar bilen geçirilýän ikinji talyplar Uniwersiadasynyň çäklerinde Aşgabatda şaşka boýunça ýaryş Türkmen politehniki institutynyň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Mälim bolşy ýaly, türgenleriň, şeýle hem işjeň dynç almagy söýýänleriň, şol sanda talyplaryň arasynda her ýyl ýaryşlary geçirmek başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Milletiň Lideri köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan etdi. Şol syýasat bosa milletiň saglygyny berkitmäge, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan baý ýaş nesli terbiýelemäge gönükdirilendir.

“Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe we sagaldyş guramasynda habar berişleri ýaly, şu Uniwersiadanyň ýaryşlaryna gatnaşýanlaryň sany öňküden köpdür: sportuň 18 görnüşi boýunça (geçen ýyldakydan dört sany köp) – basketbol, woleýbol, gandbol, kiçi futbol, dzýudo, milli göreş, sambo, grek-rim göreşi, erkin göreş, suwda ýüzmek, skaýranner, eňil atletika, tennis, stoluň 0üstünde oýnalýan tennis, düzzüm, küşt, şaşka we tüpeňden ok atmak boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-siniň ählisiniň toparlary güýç synanyşýarlar.

16 sany topar gatnaşan şaşka boýunça ýaryş hem oňa gatnaşyjylarda we janköýerlerde uly gyzyklanma döretdi. Iňlis-amerikan şaşkasy boýunça zenanlaryň arasynda dünýäniň absolýut çempiony Amangül Durdyýewanyň we onuň meşhur dogany, halkara sport ussady, köp sanly halkara ýaryşlarynyň baýraklarynyň eýesi Bäşim Durdyýewiň bu ýaryşa gatnaşmagy ähmiýetli waka boldy.

Ýaryşyň birinji tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündiler. Her toparda 8 komanda bardy. Birinji toparda mümkin bolan 42 oçkodan 37 oçko toplap, Türkmen politehniki institutynyň topary birinji ýeri eýeledi. Ikinji toparda bolsa Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary iň gowy netije (32 oçko) görkezdiler. Olar Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetitiniň talyplaryndan iki oçko köp topladylar.

Finalda Türkmen politehniki institutynyň wekilleri TDU-nyň komandasyny 4:2 hasabynda ýeňmegi başardylar. 3-nji orun ugrundaky ýaryşda bolsa TDLU-nyň talyplary Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyplaryndan 6:0 hasabynda üstün çykdylar.

Ikinji aprelde ýokary okuw mekdepleriniň toparlary maksatnamanyň iň soňky görnüşi – tüpeňden ok atmak boýunça bäsleşerler.

Uniwersiadanyň jemleri 5-nji aprelde “Olimpiýa” stadionynda dabaraly ýagdaýda jemlener. Şu günki güne çenli umumytopar bäsleşigindäki öňdäki üç orny şu toparlar eýeleýärler: birinji orunda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň topary (351 oçko), ikinji orunda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň wekilleri (304 oçko) we üçünji orunda Türkmen politehniki institutynyň talyplary (285 oçko) barýarlar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

“Köpetdag II” Ýurdumyzyň Birinjiligini Ýeňiş Bilen Başlady

Basketbol boýunça «Dostluk» Kubogyny

syrach

Prezidentimiz “Baku-2015” I Ýewropa Oýunlarynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

syrach