19.04.2024
SPORT

Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine badalga berildi

Aşgabadyň atçylyk- sporty toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly gözellik bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyry geçirildi. Ony “Türkmenatlary” döwlet birleşigi, Aşgabat şäher we welaýat häkimlikleri, ýurdumyzyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi gurady.

Mälim bolşy ýaly, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda türkmen milletiniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende göterilmegine mynasyp goşant goşan atşynaslyk sungaty döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň atçylygy uly ösüşi başdan geçirýär we maksada laýyk döwlet goldawyna eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän we täze tehnikalar bilen üpjün edilen atçylyk sporty toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda bolmagy atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy we “behişli bedewleriň” dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine ýardam edýär.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2009-njy ýylda esaslandyrylan bu gözden geçirilişi halkara derejesine eýe boldy we ol türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralarda geçirilýär. Bäsleşigiň baş maksady diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem umumy adamzat siwilizasiýasynyň gymmatlygyna öwrülen dünýä belli “behişli bedewleri”mundan beýläk-de köpeltmekden we ahalteke bedewleriniň ösdürilmegine hem-de seýislenmegine ykbalyny baglan atşynaslaryň, seýisleriň zähmetini höweslendirmekden ybaratdyr.

Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri häzirki döwürde täze taryhy eýýamyň baş nyşany bolmak bilen, halkymyzyň ýeten derejesini Türkmenistanyň ösüşleriň belent sepgitlerine çykmakdaky depginlerini alamatlandyrýar. Geçen ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna – göçme Kubaga “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny alan Şekilli we Görkli atly bedewler eýe boldy.

Asylly däbe görä, bu ýyl hem iň owadan bedew diýen ady almak ugrunda ahalteke bedewleriniň onusy bäsleşer . Olar arassa ganly üç ýaşdan on ýaşa çenli bolan aralykdaky bedewlerdir.

Bäsleşigiň birinji tapgyrynda ahalteke bedewleriniň 80-si bäsleşgiler. Emin agzalary bedewleriň gözlligini ähli ölçegler boýunça kesgitläp olaryň arasyndan 20-sini saýlarp aldylar.

Birinji tapgyrda ýeňiş gazanan beedewler bäsleşigi dowam ederler we 2011-nji ýylyň iň gowy bedewi diýen ady almak ugrunda ýaryşy dowam ederler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň syýahatçylyk we sport ulgamy: ägirt uly mümkinçilikler hem-de ösüşiň giň ugurlary

syrach

V Aziýa Oýunlarynyň Petekleriniň Halkara Satuwynyň Başlamagy Hakynda

Aşgabat Şäheriniň Ruhubelentlik Gurşawy Wideo

turkmenhabargullugy