29.1 C
Aşkabat
20.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýurdumyzyň bagtly çagalary.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreler has giň gerime eýe bolýar.  Halkara senenamasynyň bu şanly senesine bagyşlanan milli dabaralar 1-nji iýunyň – tutuş adamzadyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmunyny aňladýan çäreleriň geçirilýän resmi güniň öňüsyrasynda başlandy. 

Çagalaryň goramagyň halkara güni tutuş dünýäde indi 50 ýyldan gowrak wagtlap bellenilýär we bu baýramçylygyň tomsuň ilkinji gününde — mekdepde dynç alynýan döwrüň başynda – işjeň we hemmetaraplaýyn dynç alynýan, saglygyň berkidilýän, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilýän wagtynyň başynda bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň içgin alada etmegi bilen, ýurdumyzda ýaşaýyşda möhüm ähmiýete eýe bolan şu ileri tutulýan ugurlary amala aşyrmak ugrunda we ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredildi. 

Türkmenistan BMG-niň çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasyny tassyklap, tutuş dünýä bileleşigine öz ýaş raýatlarynyň ýaşaýşynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek bilen bagly meselelere örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezip, häzirki wagtda döwletiň durmuşyndaky we işindäki bu wajyp ähmiýetli ugurda ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. 

Ýurdumyzyň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna we çuňňur ynsanperwer milli ýörelgelere esaslanýan we durmuşa gönükdirilen döwlet syýasaty çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulýandygyny kesgitläp, ýaş nesliň dolulygyna ösüşi we hemmetaraplaýyn zehininiň äşgär edilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegini ilkinji nobatdaky wezipe diýip yglan etdi. 

Şu maksatlara ýetmek üçin, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde – paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde we oba ýerlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gös-göni baştutanlyk etmeginde okatmagyň has kämil tehnologiýalary, ilkinji nobatda innowasion multimediýa we interaktiw ulgamlar, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap okuw-bilim toplumlary , sport – dynç alyş we döredijilik merkezleri guruldy we bularyň gurluşygy dowam etdirilýär. 

Mekdepde okap ugran ilkinji ýylyndan başlap, has ýaş mekdep okuwçylary özleriniň elektron kömekçileri – dünýäde öňdebaryjy önüm öndürijileriň has kämil netbuklary bilen iş salyşmagyň tilsimlerini özleşdirýärler. Şol enjamlar her ýylda milli Liderimiziň adyndan ýurdumyzyň 1-nji synpa gidýänleriniň hemmesine gowşurylýar. 

Milli Liderimiz çagalar baradaky aladanyň iň asylly we geljege gönükdirilen ygtybarly maýa goýumlary bolup durýandygyny belläp, durmuşa degişli syýasatyň dürli ugurlarynda we ilkinji nobatda bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlary ösdürmek bilen bagly yzygiderli, uly möçberli we döwrebap özgertmeler baradaky başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň Prezidenti eneligi we çagalygy goramygyň meselelerine aýratyn üns berýär. 

Türkmenistanyň degişli Kanuny esasynda 8 we şondan-da köp çaga dogran enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakylýar. Bu ýokary sylag eneleriň jemgyýetimiziň we tutuş ýurdumyzyň ösüşindäki hyzmatlarynyň we uly goşandynyň ykrar edilýändigini görkezýän ýagdaýdyr. Her ýylda ýurdumyzda bu hormatly ada köp çagaly türkmen zenanlarynyň ýüzlerçesi mynasyp bolýar. Olar beýik zähmeti — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň geljekki nesillerini mynasyp derejede terbiýeläp ýetişdirýärler, şol nesiller ata Watanymyzyň ösüşindäki ähli ugurlarda gazanylýanlary we üstünlikleri artdyrmalydyr we berkitmelidir. 

Döwletiň syýasaty ilatyň arasynda çaga dogrulmagynyň hemmetaraplaýyn höweslendirilmegine, ilkinji nobatda çagalaryň ýaşaýşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, maşgalanyň durmuşdaky hukuk derjesiniň pugtalandyrylmagyna we türkmen halkyna mahsus bolşy ýaly, maşgala degişli gymmatlyklaryň wagyz edilmegine gönükdirilendir. 

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz enäniň we çaganyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça iri halkara guramalary, ilkinji nobatda BMG-niň Çagalar gaznasy – UNISEF bilen işjeň ýagdaýža hyzmatdaşlyk edip, şu ugurda möhüm ähmiýetli bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary amala aşyrýar. Indi ençeme ýylyň dowamynda BMG-niň çagalar gaznasy bilim bermek we ösdürmek ugrundaky çäreleri, şeýle hem ýaş nesliň saglygynyň pugtalandyrylmagyna we goralmagyna gönükdirilen çäreleri guramakda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlyk edýär. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwrüniň başlanmagy bilen, şunuň ýaly bilelikdäki başlangyçlaryň gerimi has-da giňelýär. Şu döwürde Türkmenistanyň çagalary dynç alyş döwrüni ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde geçirýärler. Soňky ýyllarda Gökderedäki we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş – sagaldyş merkezleri ýaşlaryň has uly höwes bildirýän ýerlerine öwrülýär, bu ýerlerde wagty gyzykly, peýdaly we täsirli geçirmek, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep okuwçylarynyň saglygyny berkitmek üçin ähli amatly şertler döredildi. 

Çagalaryň göwnejaý dynç almagy döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýän meseledir. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalar üçin döwrebap sagaldyş merkezleriniň tutuş ulgamyny döretmek baradaky giň gerimli maksatnamanyň amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýakynda hökümetiň mejlislerinde we göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatlarynyň barşynda we döwlet Baştutanynyň ýurdumyzyň her bir welaýatynda döwrebap, tomusky dynç alyş döwründe çagalaryň wagtyny göwnejaý we hoş geçirmegi üçin ähli amatlyklara we şertlere eýe bolan häzirki zaman çagalar merkezleriniň çalt depgin bilen gurulmagy babatdaky wezipeleri öňde goýmagy milli Liderimiziň çagalaryň tomusky dynç alşynyň guralmagyna degişli meselelere aýratyn üns berýändigini görkezýär. 

Ertir, 2-nji iýunda ýurdumyzyň çagalar üçin niýetlenen sagaldyş merkezleriniň ählisinde tomusky dynç alşyň nobatdaky möwsümi başlanýar. Adatça çagalaryň käbiri ýaşaýan ýerindäki dynç alyş – sagaldyş merkezlerinde dynç alarlar, beýlekiler bolsa Aşgabadyň etegindäki Gökderede we Hazaryň kenaryndaky Awazada gurlan ajaýyp ýerlere bararlar. Diňe bir türkmen çagalary däl-de, ýurdumyzda dürli halkara döredijilik we intellektual çärelere – festiwallara, gözden geçirilişlere, bäsleşiklere, belli-belli dersler boýunça olimpiýadalara we beýlekilere gatnaşan daşary ýurtly çagalar hem bu ýerlerde dynç almagyň artykmaç taraplarynyň bardygyny doly derejede göz ýetirdiler. 

Däp boýunça ekşenbe gününde irden paýtagtymyzdaky Çagalaryň we ýetginjekleriň köşgüniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gelen ýaşlary Gökderedäki täsin galdyrýan tebigy sagaldyş merkezine ugratmak bilen bagly dabara bolar. Tomusky möwsümiň başlanmagy mynasybetli bu köşkdäki dürli döredijilik toparlarynda terbiýelenýänler tebigatda işjeň ýagdaýda dynç almagy halaýan ýaşlara özleriniň döredijilik sowgadyny hödürlärler hem-de sahnadaky çykyşlar – joşgunly aýdym-sazlar we tanslar arkaly ýaşlara ýagşy arzuwlaryny beýan ederler. 

Her ýylda bolşy ýaly, baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen awtobuslaryň kerweni ýaşlary türkmen tebigatynyň hakykatdan-da haýran galdyrýan künjegine – Gökderä alyp barar. Häzirki wagtda bu ýerde her bir tomusky möwsümde müňlerçe çagalary kabul etmek üçin niýetlenen dynç alyş şäherjikleriniň 13-si öz gapylaryny myhmansöýerlik bilen açmaga taýyn edildi. Şol bir wagtyň özünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çagalar üçin niýetlenen sagaldyş merkezleri hem çagalary we mekdep okuwçylaryny kabul edip ugrar. 

Tutuş tomusky möwsümiň dowamynda Gökderede we Awazada çagalar üçin niýetlenen sagaldyş merkezleriniň ýene-de altysy açylar. Bularyň öz deň-duşlary bilen bilelikde göwnejaý dynç almagy halaýanglaryň ýüzlerçesiniň ünsüni çekjekdigine söz ýok. Ýurdumyzyň bäş welaýatlarynyň häkimlikleriniň buýurmasy boýunça Awazanyň jana ýakymly kenarynda çagalar üçin niýetlenen sagaldyş merkezleriniň bäşisi gurlar. Gökderede bolsa çagalaryň dynç alýan döwrebap şäherjiginiň ýene-de biri gurlar. Çagalar üçin niýetlenen täze sagaldyş merkezleri we ýurdumyzyň orta bilim berýän mekdepleriniň arasynda belli bolan meýdançalar durky täzelenip döwrebaplaşdyrylandan soňra, çagalaryň öz wagtyny has gyzykly we täsirli geçirýän ýerine öwrüler. 

Däp boýunça çagalar üçin niýetlenen sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç almak bilen bagly çäreler ýurdumyzyň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ministrlikleriniň, şeýle hem sport baradaky pudaklaýyn edara, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralar. Bular çagalara döredijilik babatdaky mümkinçiliklerini görkezmek, olaryň dünýä garaýyşlaryny giňeltmek, saglygyny pugtalandyrmak we wagtyny hoş geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine gyzyklanma bildirýärler. Şu wezipeleriň berjaý edilmegine esasan şu ajaýyp ýerleriň tebigy mümkinçilikleri, şol ýerlerde ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezleri degerli ýardam berýärler. Şol şertler deňziň kenarynda, şeýle hem belent Köpetdagyň eteginde we ata Watanymyzyň ajaýyp we täsin galdyrýan beýleki ýerlerinde ýakymly dynç almak üçin amatly şertlere eýe bolup durýar. 

Çagalaryň tomusky – has dowamly dynç alyş döwründe belli sport merkezleri hem çagalaryň has içgin üns berýän ýerlerine öwrüler, bu ýerlere gatnaýan çagalaryň sany ýylsaýyn artýar. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ugur babatda aýratyn alada etmeginiň, bedenterbiýäni we çporty ösdürmegiň, ýaş nesliň sagdyn-durmuş ýörelgesine uýgunlaşdyrylmagyna içgin üns bermeginiň netijesidir. Ýurdumyzda sport-sagaldyş hereketiniň gerimi ýylsaýyn giňelýär hem-de onuň hataryna sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň sany has-da artýar. Olaryň arasynda ýaş türgenler hem bar, bular sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda gyşky olimpiýa oýunlaryny – buzda typmak we hokkeý oýunlaryny üsitünlikli özleşdirýärler. 

Tutuş ýurdumyz boýunça täze döwrebap sport merkezlerini gurmagyň depginleri batlanýar. Şolaryň arasynda paýtagtymyzdaky uly Olimpiýa şäherjiginiň hormatly orny eýelejekdigine söz ýok, ol 2017-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüler. 

Ilki bilen, ata Watanymyzyň gazananlaryny pugtalandyrjak we artdyrjak ýaş nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen bu uly möçberli başlangyçlar diňe bir Çagalary goramagyň halkara gününde däl-de, her günde, hemişelik esasda ýurdumyzda geljege gönükdirilen başlangyçlaryň amala aşyrylýandygyny görkezýän aýdyň subutnama bolup, bular döwletiň ösen we hemmetaraplaýyn bilimli ýaş nesliň kemala getirilmegi barada hemmetaraplaýyn alada edýändigini alamatlandyrýar. Bu ýaş nesil bolsa täze taryhy eýýamda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna öz goşandyny goşmalydyr.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Maý Aýynda Suwuklandyrylan Gazdan Ýangyç Öndürýän Zawodyň Düýbi Tutular

syrach

Türkmenistanyň Ilçisi YHG-nyň Ýanyndaky Hemişelik Wekili Hökmünde Bellenmegi Baradaky Ynanç Hatyny Gowşurdy

syrach