15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Ýurdumyzyň futbol çempionaty badalga aldy.

Dört aýlawda geçirilýän milli birinjiligiň medallary ugrunda toparlaryň 10-sy bäsleşýär. Munuň özi geçen ýyldakydan bir toparyň köpdügini aňladýar. Olaryň dördüsi – “Aşgabat”, HTTU (Halkara türkmen-türk uniwersiteti), “Altyn asyr” we “Talyp sporty” toparlary paýtagtymyza, Balkanabatdan “Balkan” we Türkmenbaşydan “Şagadam” Balkan welaýatyna, “Ahal”, “Merw”, “Daşoguz” we “Bagtyýarlyk-Lebap” toparlary bolsa degişlilikde Ahal, Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlaryna wekilçilik edýärler. 

2013-nji ýylyň çempionatynyň ilkinji pökgüsi “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirildi. Şol ýerde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň eýesi “Ahal” Milli sport we syýahatçylyk institutynyň “Talyp sporty” toparyny kabul etdi. Şol duşuşygyň 11-nji minutynda “Ahalyň” hüjümçisi Döwlet Ataýew ilkinji pökgini geçirmegi başardy. Şondan 28 minut geçenden soň, FIFA-nyň emini Igor Barabaş düzgüni bozandygy üçin talyplaryň toparyndan Döwletgeldi Durdyýewi oýundan çykardy we şu çempionatda ilkinji jerime urgusyny belledi. Didar Hajyýew bu jerime urgusyny dürs ýerine ýetirmegi başardy. Duşuşygyň 45-nji minutynda Serdar Geldiýew Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ali Gurbaniniň şägirtleriniň artykmaçlygyny üç pökgä çenli artdyrdy. Oýnuň 61-nji minutynda bolsa Söhbet Allanurow hasaby 4:0-a ýetirdi. Şeýlelikde, bu duşuşyk “Ahalyň” peýdasyna tamamlandy. 

Ilkinji tapgyr 13-nji aprelde “Balkan” – “Daşoguz”, “Merw” – “Bagtyýarlyk-Lebap”, HTTU – “Aşgabat” we “Şagadam” – “Altyn asyr” toparlarynyň duşuşygy bilen tamamlanar. 

Güýzde tamamlanjak çempionatyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy topary 2014-nji ýylda AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşikde çykyş etmäge hukuk gazanar.

Degişli makalalar

Awtoýaryş Boýunça Dünýäniň Kubogy Ugrundaky Ýaryşda Gazanylan Bürünç Medal

Milli Ýygyndymyzyň Kapitanynyň Çykyş Edýän Topary Özbegistanyň Çempionatyny Deňlik Bilen Başlady

turkmenhabargullugy

“Daýhanbank” Bilen “Köpetdag” Ýaryş Tertibinde Öňdäki Orunlary Eýeleýärler