22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Her bir Türkmenistanly Türkmenistanyň raýatynyň täze nusgadaky pasportyny alar!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 12-nji aprelinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden Beýannamasy 

Men siziň ünsüňizi ýene-de bir meselä çekmek isleýärin. Soňky döwürde käbir daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň pasportlaryny çalyşmak bilen bagly alnyp barylýan işleri birtaraplaýyn beýan edýän habarlar peýda boldy. 

Gynansak-da, öz işine ak ýürekli çemeleşmän, ýalan maglumatlary berýän aýry-aýry adamlar, Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlaryny möhletiniň dolmagy sebäpli, çalyşmak boýunça alnyp barylýan işlere salgylanyp, iki raýatlylyk bilen bagly mesele barada özleriniň hiç bir esassyz, hakykata laýyk gelmeýän garaýyşlaryny beýan edýärler. Olar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň pasportlary bar bolan adamlara Türkmenistanyň raýatynyň täze nusgadaky pasportlarynyň berilmejekdigi barada hiç bir esassyz, ýalan maglumatlara esaslanýan şahsy garaýyşlaryny öňe sürýärler. 

Şunuň bilen baglylykda, men, ýurduň Prezidenti we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kepili hökmünde, her bir adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň kepili hökmünde, şu beýannama bilen çykyş etmegi zerur hasaplaýaryn: 

Her bir türkmenistanly haýsy millete degişlidigine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, diline, dine garaýşyna we syýasy ygtykadyna garamazdan, Türkmenistanyň raýatynyň täze nusgadaky pasportyny hökmany tertipde we bellenen möhletlerde alar! Sebäbi, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Türkmenistanda hiç kim raýatlygyndan ýa-da raýatlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez! Ýurdumyzyň her bir raýatynyň bu hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilendir. 

Öň iki raýatlygy bolup, soňra Türkmenistanyň raýatlygyny kabul eden adamlaryň milletine, dinine ýa-da beýleki şahsy aýratynlyklaryna garamazdan, ähli konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý ediljekdigini ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylaryna ýüzlenip, ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin! 

ýurdumyzda ähli türkmenistanlylara şahsyýetiň erkin ösmegi üçin deň şertler döredilendir. Ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet çekmäge, bilim almaga, öz islegine görä hünär we kär saýlap almaga, durmuş ýeňilliklerinden peýdalanmaga we döwlet tarapyndan goldaw berilmegine bolan hukuklaryny, döredijilik we dine ynanmak babatdaky azatlyklaryny we beýleki hukuklaryny hiç kim çäklendirip bilmez! 

Döwletimiz Türkmenistanyň ähli raýatlaryna diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem onuň çäginden daşarda-da goragy we penakärligi kepillendirýär. 

Käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýradylýan, hiç bir esassyz, hakykata laýyk gelmeýän garaýyşlar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň arasynda taryhy taýdan emele gelen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna-da, iki döwletiň arasynda täze taryhy eýýamda üstünlikli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlyga hem asla öz ýaramaz täsirini ýetirip bilmez!

Degişli makalalar

Prezidentimiz Karara gol çekdi.

syrach

Futbol Çempionatymyzyň 7-nji Tapgyrynyň Duşuşyklarynyň Geçirilmeli Wagtlaryna Üýtgeşme Girizildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystana Resmi Sapary Başlanar

syrach