15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
YKDYSADYÝET

Ýurdumyzyň möhüm awtomobil ýollarynda köprüleriň birbada 90-sy işe girizildi

Şu gün ulag infrastrukturasynyň täze desgalarynyň açylyşy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda boldy. Möhüm ulag ýollarynda — gurulýan Aşgabat-Türkmenbaşy, Aşgabat-Mary, Türkmenabat-Farap, Aşgabat-Garagum-Daşoguz awtomobil ýollarynda awtomobil köprüleriniň bada-bat 90-sy işe girizildi. Munuň özi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygynyň ýetip gelýän baýramçylygynyň şanyna ýurdumyzyň köpri gurluşykçylarynyň uly zähmet sowgady boldy.

Ahal welaýatynda Ýaşlyk şäherçesiniň ýanyndaky Ýaşyldepe diýen ýerdäki 33-nji köpri, Mary welaýatynda iri Hanhowuz suw howdanynyň eteklerindäki 44-nji köpri, Balkan we Lebap welaýatlarynda, welaýat merkezlerinde ýerleşen köpri geçelgeleri dabaralaryň geçirilýän ýeri boldy. Daşoguz welaýatynda Türkmen kölüne guýýan demirgazyk akabasynyň üstündäki köpri geçelgesinde uly baýramçylyk guraldy.

Şu gün irden ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze desgalarda dabaraly ýokary göterliş ýagdaýy höküm sürdi. Aýdym-saz ýaňlandy, türkmen estradasynyň ussatlary çykyş etdiler. Garaşsyz Watanymyzy hem-de täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň ägirt uly üstünliklerini wasp edýän owadan horegrafiki kompozisiýalar ýaýbaňlandy.

Ýerli häkimiýet guramalarynyň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, belli bir ugurly pudak edaralarynyň wekilleri, täze desgalaryň gurluşykçylary, hormatly ýaşulular, golaýdaky ilatly ýerleriň ýaşaýjylary baýramçylyklaryň gatnaşyjylary boldular.

Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden döremegini alamatlandyrýan täze köpri geçelgelerden ilkinji bolup, düe kerwenleri, soňra bolsa häzirki zaman tehnikasy geçdi. Basym bolsa şolar boýunça artýan depginde kuwwatly ulag akymy geçer. Sebäbi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi bilen baglanyşykly ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberleri ýylyň-ýylyna gyşarnyksyz artýar. Bu waka hakykatdan hem ýurdumyzyň ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin ähmiýetli boldy. Hakykatda bada-bat ýüze golaý köpriniň işe girizilmegi bilen, doly täzelenen iň häzirki zaman awtomobil ýollarynyň Türkmenistanyň ähli sebitlerini birleşdirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Ulag infrastrukturasynyň täze desgalary häzirki zaman awtomobil ýollarynyň tizlikli düzgünini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegi nazara almak bilen dünýäde birinji tehniki derejedäki awtomobil ýollaryna bildirilýän iň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda işe girizildi.

Gatnaw böleginiň ini her ugur boýunça 12 ýarym metre barabardyr we ol ýörite metal germewler bilen germelipdir. Köprüler amatly pyýada geçelgeleri we häzirki zaman yşyklandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi. Şonuň netijesinde şol köprülerde gatnamak gije-gündiziň islendik wagtynda doly derejede howpsuz we oňaýly bolar.

Ýurdumyzda köpri geçelgeler ýaly aýratyn ähmiýetli desgalary gurýan potratçylara bildirilýän ilkinji talap işleriň ýokary hilidir. Täze köprüler onlarça ýyllap ygtybarly bökdençsiz ulanmak üçin niýetlenilendir. Olar iri we kiçi derýalaryň, Köpetdagyň we Balkanyň eňňitliklerinden akýan köp sanly hemişelik hem-de wagtlaýyn suw akymlarynyň, suwaryş kanallarynyň we kollektorlarynyň, demir ýollaryň üstünden guruldy.

Olaryň hatarynda örän uzynlary Türkmen kölüniň akymlarynyň—Baş türkmen kollektorynyň we Daşoguz akabasynyň üstünden guruldy. Öň bolsa Garagumda suw päsgelçilikleri bolmandy. Şolaryň üstünden gurlan köprüleriň iri möçberlidigi sebäpli olaryň gurnamalary bu ýerlerde agdyklyk edýän çägeli topragy nazara almak bilen, aýratyn mäkäm demir betondan ýerine ýetirildi.

Bu uly möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda köprüleriň bir kysymly görnüşlerinden başga hem häzirki zaman inżener çözgütleriniň ulanylandygyny belläp geçmeli. Özboluşly desgalaryň —eňil we ýokary mäkämligi bilen tapawutlanýan häzirki zaman metal konstruksiýalaryndan owadan asma köprüleriň we köpri geçelgeleriň birnäçesi oazis zolagynda suwly derýalaryň üstünden guruldy. Tejen etrabynda Garagum derýasynyň kenarlaryny birleşdirýän 225 metr uzynlykdaky köpri şeýle desgalaryň iň ulusy boldy.

Türkmenistanyň ähli welaýatlaryny birleşdirýän esasy awtomobil ýollarynda köpri geçelgeleriniň bada-bat togsan sanysyny gurmak boýunça ägirt uly taslamanyň umumy bahasy 287 million amerikan dollaryndan geçdi. Munuň özi ýurdumyzda ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýumlarynyň näderejede uly möçberlidigini görkezýän aýdyň mysallaryň biridir. Şu gün bolan wakalar giň möçberli özgertmeleriň barşynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň öňünde goýlan strategiki wezipeleri çözmekde ýene-de bir möhüm ädimi alamatlandyrýar.

Ähli ugurlarynda ýükleri çalt we az harajatlar bilen daşamagy hem-de ýolagçylary gatnatmagy üpjün edýän iň häzirki zaman ulag ýollarynyň bolmagy ýurdumyzy, aýratyn hem onuň welaýatlaryny okgunly ösdürmegiň möhüm şertidir. Şonuň üçin hem ýakyn geljekde bütin dünýäde şeýle möçberdäki we derejedäki ulag ýollaryna däp boýunça mahsus bolan ähli elementler Türkmenistanyň awtomobil ýollarynyň nyşanlary bolar. Munuň özi köp derejeli çatryklardyr, estakadalardyr, hereket howpsuzlygynyň we yşyklandyryşyň iň häzirki zaman ulgamlarydyr, ýokary tehnologiki maglumat beriş tablolarydyr we häzirki zaman awtomobillere ýangyç guýýan, tehniki kömegi edýän stansiýalaryň, kafeteriýalaryň, dünýä standartlarynyň derejesinde hyzmatlary edýän ýol myhmanhanalarynyň tutuş ulgamydyr.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ulag pudagynda eýýäm iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Welaýatyň iri suw derýasy bolan joşgunly Jeýhunyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsiniň işe girizilmegi baý resursly Amydeýanyň sag kenaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berdi.

Şu ýyl işe girizilen Türkmenbaşydaky iň häzirki zaman halkara aeroporty bolsa «Awaza» syýahatçylyk zolagynyň howa derwezesi bolmak bilen bir hatarda, welaýatda ähmiýetli aeromerkezleriň biri bolar. Onuň üsti bilen köp sanly üstaşyr geçýän ugurlar. Şol sanda daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ugurlary hem geçer.

«Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesini — täze transmilli polat ýoluny döretmek boýunça ägirt uly taslamany durmuşa geçirimek dowam etdirilýär, ol Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirer, ýükleri Ýewropadan Aziýa gysga ýol bilen daşamaga mümkinçilik berer.

Bu babatda gurulýan iň häzirki zaman awtomobil ýollary täze häzirki zaman Ýüpek ýolunyň möhüm halkasy bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda şol ýollarda köprüleriň bada-bat togsanysy ulanylmaga berildi. Munuň özi biziň ýurdumyzyň çäkleriniň üsti bilen Demirgazygy we Günortany, Günbatary hem-de Gündogary ýene-de birleşdirer. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň örän amatly geografiki ýagdaýyndan ybarat bolan mümkinçiligini durmuşa geçirmek dowam etdirilýär.

Ýurdumyzyň ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin şeýle ähmiýetli waka mynasybetli, Watanynymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna ýurdumyzyň welaýatlarynda sadakalar berildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan Nabukko üçin umyt boldy

syrach

Paýtagtymyzyň Arçabil Etrabynda Gülleri we Bezeg Ösümliklerini Ýetişdirmäge Ýörüteleşdirilen Iri Ýyladyş Hojalygy Döredildi

Döwlete Degişli Däl Ulgamda Senagat Önümçiligi 40 Göterim Ýokarlandy

turkmenhabargullugy