04.05.2024
YLYM

Ýurdumyzyň ylmy: döwletimiziň geljegine gönükdirilen ugur

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we Karary boýunça “Beýik galkynyşlar zamanasynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisi we ylmy maslahat açylýar. Her ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanda bellenilýän baýramçylyga – Ylymlar gününe bagşylanan bu uly möçberli halkara çäresi ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar we geçirilýär.

Türkmenistan ösüşe gönükdirilen özgertmelere esaslanýan syýasaty durmuşa geçirmek bilen, dünýä boýunça toplanan öňdebaryjy tejribäni işjeň ýagdaýda özleşdirýär hem-de döwrebap tehnologiýalary çekmek we innowasiýalary öwrenmek arkaly, olary iş ýüzünde amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň şertlerinde islendik döwletiň kuwwatyny we rowaçlygyny, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşiniň, halkyň intellektual derejesi bilen kesgitlenýändigini hem-de ylmyň ösüşiň esasy guraly bolup, şonsuz ýurtda yzygiderli ýagdaýda durmuş-ykdysady ösüşi gazanmagyň mümkin däldigini belleýär.

Şu gezekki sergi we ylmy maslahat ýurdumyzyň duýpli we tejribä degişli ylmynyň gazananlaryny, ägirt uly kuwwatyny we onuň ösüşiniň geljekki mümkinçiliklerini hem-de olaryň ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmekdäki ähmiýetini aýdyň görkezmelidir. Halkara forumynda ara alnyp maslhatlaşyljak meseleler nebitgaz toplumyndaky, oba hojalygyndaky, gurluşykdaky, dokma senagatyndaky, bilimdäki, medeniýetdäki, lukmançylykdaky, ekologiýadaky we beýleki pudaklardaky iň täze tehnologiýalar; energiýany we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalar; energiýanyň adaty bolmadyk çeşmeleri; maglumatlar tehnologiýalaryndaky innowasiýalar ýaly ugurlar bilen baglydyr.

“Beýik galkynyşlar zamanasynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzüminiň geografiýasynyň giňelmegi we sanynyň ýylsaýyn artmagy ýurdumyzyň gazananlaryna ýokary baha berilýändigini, görnükli alymlaryň, iri halkara ylmy merkezleriň, milli Ylymlar akademiýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň hem-de dünýäniň dürli künjeklerindäki işewür hyzmatdaşlaryň Türkmenistana aýratyn uns berýändigini aýdyň görkezýän subutnama bolup durýar. Şu foruma dunýäniň 30-dan gowrak döwletinden iri ylmy guramalarynyň ýolbaşçylary we daşary ýurtly hünärmenler gatnaşýarlar. Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň arasynda dürli kompaniýalaryň, ylmy-önümçilik birleşikleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň 100-den gowragy bar. Ýurdumyzyň ylmyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary we ýokary okuw mekdepleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralaryň düzümine girýän kärhanalar we müdirlikler wekilçilik edýärler. Bu ýerde türkmen bazarynda eýýäm özüni görkezenler hem-de uzakmöhletleýin esasda işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna içgin gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň öz mümkinçilikleri we hyzmatdaşlyga degişli teklipleri bilen tanyşdyrarlar.

Ylmy maslahatyň işi: “Energetika, himiýa we ýangyç senagaty boýunça innowasion tehnologiýalar”, “Ekologiýa we tebigy serişdeleri rejeli ulanmak”, “Maglumatlar we telearagatnaşyk tehnlogiýalary”, “Oba senagat toplumyndaky innowasion tehnologiýalar”, “Ykdysady ösüş, halkara hyzmatdaşlygy we hukuk”, “Lukmançylyk we dermanlary öndürmek”, “Gumanitar ylymlar” atly ylmy bölümleriň ýedisinde geçiriler.

Üç günläp dowam etjek “Beýik galkynyşlar zamanasynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň olara gatnaşyjylara ylym-bilim ulgamy, innowasiýalary ulanmak boýunça hyzmatdaşlygy täze derejä ýetirmäge, tejribe alyşmaga we netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigine söz ýok.

Halkara forumynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar paýtagtymyzda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen duşuşarlar. Bu foruma gatnaşyjylar üçin dürli medeni çäreler hem göz öňünde tutuldy we şonda Aşgabadyň gözel künjeklerine, şäheriň iri muzeýlerine baryp görmek bellenilýär. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Nebit we Gaz Ýokary Okuw Mekdebi

syrach

Ylma Daýanmak-Türkmenistany Innowasion Taýdan Ösdürmegiň Ugry

Geljekki alymlar üçin synaglar.

syrach