04.05.2024
DÜNÝÄ

Pudagara toparyň mejlisi



Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi boldy. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli maksatnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri we adam hukuklary ulgamyndaky degişli Konwensiýalary ýerine ýetirmek boýunça milli hasabatlaryň Birleşen Milletler Guramasynyň şertnamalaýyn edaralarynda diňlenilişi baradaky meseleler girizildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen we esasy halkara konwensiýasyna goşulmak arkaly bu möhüm resminamalaryň kadalaryny durmuşa geçirmek boýunça anyk we yzygiderli çäreleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän we hereket edän hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň halkara-hukuk ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 27-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyk eden “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli maksatnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmek baradaky meselä ünsi çekip, çykyş edenler onuň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýaşajyk türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşindäki möhüm ähmiýetini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu wajyp resminamanyň durmuşa geçirilmegi beden taýdan sagdyn, ruhy we intellektual taýdan bolsa ösen ýaş nesliň terbiýelenmegini, maşgala institutynyň berkidilmegini kepillendirýär.

Duşuşygyň barşyndy maksatnamanyň aýry-aýry düzgünnamalar boýunça çäreleri geçirmegiň esasy wezipeleri we bellenilen möhletleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýlelikde bu resminamanyň ýerine ýetirilişi barada monitoringi amala aşyrmak we Pudagara toparyň mejlislerinde döwürleýin maglumatlary diňlemek baradaky çözgüt kabul edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralaryna adam hukuklary ulgamyndaky halkara resminalarynyň düzgünleriniň Türkmenistanda ýerine ýetirilişiniň barşy hakynda milli hasabatlary taýýarlamak, toparyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bellenilişi ýaly, bu işleri geçirmegiň çäklerinde hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bosgunlar işi boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň, ilat gaznasynyň, adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň sebitleýin ofisiniň gatnaşmagynda geňeş maslahatlary, duşuşyklar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda hukuk ulgamynda öňdebaryjy halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň zerurdygy bellenildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Çanakgala şehitleri Türkmenistanda hatyralandy.

syrach

Sergi Bütindünýä Saglyk Gününe Bagyşlanýar

Türkmen medeniýeti Bagdatda açylan sergi bilen tanadylýar.

syrach