14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
DURMUŞ

Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary.

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde iki sany dört gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desgalar welaýatyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýerli hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.

Has oňaýly, iri panelli ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşdirilişi gowulandyrylan iki, üç we dört otagly öýler göz öňünde tutuldy. Desgalar häzirki zaman gurluşyk serişdelerini ulanmak bilen guruldy. Asma üçekler, laminirlenen pollar, awtomatik gaz plitaly aşhanalar, mebel öýlere aýratyn ýakymlylyk we amatlylyk berýär.

Täze binalaryň töweregindäki çäkler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi, agaç nahallary, gök ot ekilen meýdanlar, gülhanalar ony bezeýär. Giň we amatly geçelge ýollary jaýlara tarap barýar, olaryň golaýynda awtomobil duralgalar enjamlaşdyryldy. Bu ýerde çagalar oýnar ýyly, medeni köpçülik çärelerini geçirmek üçin meýdançalar guruldy.

Asylly däbe görä, täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy baýramçylyk ýagdaýynda geçdi. Onda döredijilik toparlary çykyş etdiler. Dabaralara täze jaýa göçüp gelenler, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar, şol gurluşykçylaryň iň oňatlaryna gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň giň möçberde gurulýandygy hakynda söz açyp, türkmenistanlylary has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek durmuş ugurly syýasaty ýöretmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini buýsançly nygtamak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

* * *

Şu gün Atamyrat etrabynyň Çekir obasynda 480 orunlyk täze umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berildi, onuň öňündäki meýdançada aýdym-saz we tans toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy boldy.

Dabarada çykyş eden welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bilim ugrunda, ösüp gelýän ýaş nesli okatmak we terbiýelemek ulgamynda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda ýurdumyzda geçirilýän düýpli özgertmeleriň türkmen döwletiniň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn bellediler. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize ýaşlara ägirt uly üns berýändigi we olar hakynda alada edýändigi üçin, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze häzirki zaman mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurulýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şu gün açylan täze mekdepde okuwçylaryň hemmetaraplaýyn intellektual hem-de beden taýdan ösüşi, olaryň çuň bilimleri almagy üçin ähli şertler döredildi. Ýagty okuw synp otaglary, fizika, biologiýa, himiýa, informatika boýunça ýörite ders otaglary, lingafon otaglary olaryň ygtyýaryndadyr. Okuw otaglary okatmagyň öňdebaryjy usullaryny halkara standartlarynyň derejesinde peýdalanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman kompýuter we barlaghana enjamlary, interaktiw tagtalar hem-de multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Şeýle hem oglanlar we gyzlar üçin zähmet okuwynyň synp otaglary, aýdym-saz we sport zallary, lukmançylyk otagy, oňat enjamlaşdyrylan aşhana bilen naharhana, zerur okuw we çeper-akyl ýetiriş edebiýaty bilen üpjün edilen kitaphana hem göz öňünde tutuldy.

Mekdep howlusynyň bagy-bossanlyga öwrülen çäklerinde futbol meýdançasy, woleýbol, basketbol, tennis, ýeňil atletika, gimnastika we beýleki sport oýunlary bilen meşgullanmak üçin meýdançalar oňat abadanlaşdyrylypdyr. Täze mekdep özbaşdak suw, energiýa we ýylylyk ulgamy bilen üpjün edildi.

Oba mekdebiniň iki gatly binasyny “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň bölümleriniň we ýerli hususy kärhananyň hünärmenleri gurdular. Dabarada has tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Dermanlyk Ösümlikleri

syrach

Ýurdumyzyň Baş Arçasy Dürli Öwüşginli Yşyklara Beslendi

Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet Günleri Tamamlandy

turkmenhabargullugy