26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Haýwanat Dünýäsini Goramakda Hyzmatdaşlyk

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň baş direktory hanym Monik Elua bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda bu ulgamda ylmy maglumatlary alyşmak, weterinar gullugynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we onuň serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça pikir alyşmalary guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça özboluşly we täsin tebigaty aýawly goramak boýunça iş ýüzünde netijeli çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny döretmek boýunça amala aşyrylýan işlere aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň arasynda Atlaryň keselden azat zolagyny döretmek hem-de atşynaslygy ösdürmek boýunça tehniki ýardam bermek hakynda 2016-njy ýylda baglaşylan Ylalaşygy durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu ulgamda milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň pudagyň netijeli ösdürilmeginiň, ozaly bilen bolsa, dünýä medeniýetiniň täsin gymmatlygy bolan ahalteke bedewiniň görnüşini gorap saklamak hem-de onuň ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendigini nygtadylar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy howandarlygynda milli atşynaslyk ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, behişdi bedewleriň nesil häsiýetnamalaryny, olaryň genetik fonduny gowulandyrmak boýunça seçgiçilik —–tohumçylyk işlerini geçirmek ugrunda giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Şu maksat bilen pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Dünýäniň ýurtlarynyň ugurdaş edaralary we abraýly guramalar bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeldilýär.

Şeýle hem Döwlet weterinariýa gullugynyň oba hojalyk we ýabany haýwanlaryň, guşlaryň saglygyny goramakda, olaryň dürli keselleriniň öňüni almakda, maldarçylyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmakda we howpsuzlygyny üpjün etmekde eýeleýän orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň hünärmenleriniň bu Bütindünýä guramasynyň bilermenleri bilen geçirýän işlerine üns berildi. TDH

Degişli makalalar

Türkmen Göreşçileri Taýboks Sporty Boýunça Medal Gazanmagyň Ugrunda

MAGTYMGULY PYRAGY “TURGUL !!! DIÝDILER”

syrach

Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Gününiň Hormatyna Dabaralar

syrach