37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Wenada Duşuşyk

2015-nji ýylyň 18-nji martynda Nowruz bahar baýramyny bellemegiň çäklerinde Wena şäheriniň (Awstriýa) Halkara merkezinde Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edilşigini geçirdi. Ýokarda agzalan çärä Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Eýranyň we Özbegistanyň Ilçihanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Beýlekileriň hatarynda baýramçylyk kabul edilşigine BMG-de akkreditirlenen dürli ýurtlaryň wekilleri, şeýle-de Wena şäheriniň halkara guramalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy.  

Zalyň girelgesiniň öňünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy. Çäräniň myhmanlary ýurduň daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgelerini açyp görkezýän ylmy edebiýatlary we döwürleýin neşirleri, şeýle-de milli tükmen hojalygynyň we halkyň amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. 

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we Onuň Töwereklerinde Alnyp Barylýan Işleriň Ýagdaýy Bilen Tanyşdy

Prezidentimiz Ýaponiýanyň Ýurdumyzda İşleri Wagtlaýyn Ynanylan Wekilini Kabul Etdi

syrach

Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmegi we Türkmenistandan gitmegi.

syrach