21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

XVI Aziýa oýunlarynda

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Amanmyrat Hommadow Hytaýda geçirilýän XVI Aziýa oýunlarynyň ýeňil atletika ýaryşlarynyň birinji gününde ýekedaban zyňyjylaryň iň güýçlüleriniň bäşligine girdi.

Tejenli zehinli sportçy Guançżou şäheriniň «Aoti» merkezi stdionynda eýýäm özüniň ikinji synanyşygynda ýekedabany 67 metr 93 santimetre zyňyp, Türkmenistanyň rekordyny täzeledi. Şunda ol özüniň öňki iň ýokary görkezijisini 2,33 metr gowulandyrdy. Deslapky bäsleşikleriň netijesi boýunça şu görkeziji bilen biziň ildeşimiz iň güýçlüleriň arasynda bäşinji orna mynasyp boldy. Onuň görkezen netijesi kümüş medala mynasyp bolan sportçynyňkydan bary-ýogy bir metrden azrak boldy.

Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan sportçynyň şeýle oňat netije gazanmagy täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanda ýokary derejeli türgeniň kemala gelendigine, onuň 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanyp, mähriban Watanymyza mynasyp wekilçilik edip biljekdigine şaýatlyk edýär.

Häzir Amanmyrat Hommadow bary-ýogy 21 ýaşyndadyr. Ýekedaban zyňyjylaryň iň ýokary netijeleri, adatça, 25-26 ýaşynda gazanýandygyny nazara alsaň, biziň sportçymyzyň geljeginiň uludygyna göz ýetirmek bolýar.

Amanmyrat sportuň şu görnüşi bilen 9 ýyl mundan ozal Tejende, özüniň kakasy, ýadro iteklemek boýunça Türkmenistanyň çempiony, häzir bolsa ýerli çagalar – ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi Annaçary Hommadowyň ýolbaşçylygynda meşgullanyp başlandygyny gürrüň berdi. Soňra ol üç ýyllap paýtagtymyzyň «Olimp» sport mekdebinde okapdyr. Mekdebi tamamlandan soň, zehinli ýetginjek Tejene gaýdyp geldi we kakasyndan tälim almagyny dowam etdirdi. Şondan köp wagt geçmänkä-de zehinli sportçynyň görkezýän netijelerine Milli ýeňil atletika merkezinde üns berdiler we ony ýurdumyzyň ýygyndy toparyna çagyrdylar. Soňra ol ilkinji gezek 2006-njy we 2008-nji ýyllarda Hytaýda hem-de Polşada ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatlaryna, 2008-nji ýylda pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna we 2009-njy ýylda Berlinde ulularyň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşdy. Şol ýaryşlarda biziň ildeşimiziň görkezen netijeleri ýokary bolmady. Ýöne Amanmyrat ruhdan düşmedi we meýilnama laýyklykda Aşgabatda ykjam türgenleşip başlady. Ol agyr atletika zalynda ştanga götermek we Olimpiýa stadionynda ýekedaban zyňmak bilen meşgullandy.

2010-njy ýylyň Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýekedaban zyňmak boýunça hünärmenler türkmen sportçusynyň bu ýerdäki çykyşyna ýokary baha berýärler.

– Men Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek 70 metrlik sepgitden geçmegi we Türkmenistan üçin medal gazanmagy berk ýüregime düwdüm. Meni entek köp yhlas etmelidigime we zähmet çekmelidigime düşünýärin. 2012-njy ýylda Londonda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy we ata Watanymyz üçin medal gazanmagy arzuw edýärin – diýip, A.Hommadow aýtdy.

Biziň beýleki bir ýekedaban zyňyjymyz Döwletgeldi Mämmedow hem öz öňünde şeýle wezipäni goýýar. Ol Guançżou şäherinde ýekedabany 64 metr 74 santimetre zyňyp, iň güýçlüleriň sekizligine girdi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Dünýä Täze Çempionyny Garşy Alýar

syrach

TFF-niň Eminleriniň Gatnaşmagyndaky Okuw Ýygnanyşygy Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

Futbol Çempionatymyzyň Ilkinji Üç Tapgyrynda 11 Futbolçy Tapawutlandy