20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Ýaş Nesilleriň Türkmen Ylmyna Goşýan Goşandyna Ýokary Baha Berildi

Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen ylmy işleriň her ýylky gözden geçirilişi Watanymyzyň ylmynyň ösdürilmegine, türkmen alymlarynyň ýaş nesliniň ylmy-barlag işleriniň giňeldilmegine, ýaşlaryň halk hojalyk toplumynyň möhüm ugurlaryna gatnaşmagynyň höweslendirilmegine ýardam edýär.

Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş işgärleri çekmek hem-de olara öňdebaryjy milli we dünýä tejribesini öwrenmegiň mümkinçiliklerini hödürlemek üçin oňaýly şertler döredildi. Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde ýaş hünärmenler hünär derejelerini ýokarlandyrmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylym-bilim merkezlerine yzygiderli iş saparlaryna ugradylýar.

Orta mekdepleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriň ýaşlarynyň ylmy bähbitleriniň hem-de başlangyçlarynyň höweslendirilmegi, şolary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam berilmegi, halkara forumlara hem-de duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmagy, ýaş hünärmenleriň bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna çekilmegi — bularyň ählisi ylmyň wagyz edilmegine ýardam berýär.

Häzirki aň-paýhas bäsleşigine ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş alymlary, ýokary okuw mekdepleriň, ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, işjeň ylmy işe gyzyklanma bildirýän islendik hünärdäki ýaş türkmenistanlylar gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine ýaşlaryň gatnaşmagy baradaky meselelere, ylmy işler bilen meşgullanmak üçin hemme şertleriň döredilmegine berýän ünsi netijesinde bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şu ýyl ýaş alymlaryň müňden gowragy tebigy we ynsanperwer ylymlary ulgamynda özleriniň taslamalaryny hem-de nazaryýet barlaglaryny hödürlediler.

Nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdeleri önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet ýaly ulgamlara aýratyn üns berilýär.

Emin agzalary hödürlenen işleriň nazaryýet taýdan wajyplygy, ylmy taýdan täzeçilligi, iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak zerurlygy nukdaýnazaryndan möhümdigi ýaly birnäçe ugurlaryň esasynda bäsleşigiň ýeňijileriniň 46-syny kesgitlediler.

Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Baýraklary gowşurmak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri we talyplar, Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary hem-de aspirantlary gatnaşdylar.

Dabaranyň hormatly onlaýn myhmanlarynyň hatarynda Ylymlar gününiň baýram edilmegine bagyşlanylan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine Gutlagyny ýokary ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda: «Ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Bu ugurda ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan senagat-innowasion, maglumat-tehnologik barlaglaryň, şeýle hem ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy açyşlarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýändigine aýratyn buýsanýarys» diýlip bellenilýär.

Dowamly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiziň adyndan bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar — noutbuklar gowşuryldy.

Ýeňijiler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaşlar barada edýän yzygiderli aladasy hem-de ýurdumyzyň ylmyna hemme taraplaýyn goldaw berýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Ýaş alymlar ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ähli güýç-gaýratyny, zehinini we bilimini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Uniwersitetiň eýwanynda guralan sergi türkmen ýaşlarynyň ylym we döredijilik babatda gazanan üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Sergi kitap neşirlerini we ylmy işleriň ýygyndylaryny hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, innowasion tehnologiýalar, himiýa önümleriniň, gurluşyk, derman serişdeleriniň önümçiligi ulgamynda we beýlekilerde dürli enjamlaryň hem-de oýlap tapyşlaryň taslamalaryny we şekillerini özünde jemledi.

Şu gezekki bäsleşigiň ýeňijileriniň işleri Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan neşir edilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylmy gadamlary» atly ýygyndyda çap ediler.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ylmyny we bilimini innowasion taýdan ösdürmek babatda durmuşa geçirýän syýasaty, milletimiziň baý aň-paýhas kuwwatyndan has doly peýdalanmak babatda ähli şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. TDH

Degişli makalalar

“Aşgabat” stadionynda bolan ählihalk dabaralary.

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

syrach