24.6 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Ýaşlar Maglumatlar-Bilim Merkezi Ýetginjekleriň Arasynda Işjeň Iş Alyp Barýar

Ýaşlar Maglumatlar-Bilim Merkezi Ýetginjekleriň Arasynda Işjeň Iş Alyp Barýar

Şu ýyl 12-nji awgustda bellenilen Halkara ýaşlar güni „Ýaşlar parahatçylyk döredýär“ şygary bilen geçirildi, ol sazlaşykly durmuş gurşawyny we durnukly parahatçylygy kemala getirmekde ýaş nesliň alyp barýan işleriniň möhümligini görkezýär. Şol gün adatdakysy ýaly maslahatlar, sergiler, konsertler, okuwlar we ş.m çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we BMG-nyň Ilat gaznasynyň bilelikdäki başangyjy bilen şu ýylyň aprelinde döredilen „Deň-duşlar bir-birege öwredýärler“ atly ýetginjekler Maglumatlar-bilim merkezi ýurdumyzda işjeň ýaşlar hereketleriniň biridir. Merkez paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde ýerleşýär. Onuň hatarynda Y-PEER (terjimesi „deň-duş deň-duşa öwredýär“ ýa-da „ deň-duşlar birek-birege öwredýär“) ulgamyndan ýörüte okuw-türgenleşiklerinde bilim we söhbetdeşlik endiklerini öwrenen ýaşy 15-den 24 aralygyndaky ýokary synp okuwçylaryndan we mekdebi golaýda tamamlanlardan meýletinleriň ençemesi bar.Bu işe dürli döredijilik gurnaklaryna gatnaýan oglan-gyzlar-da işjeň çekilýär.

Döredilen gününden bäri Merkez diňe bir ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak boýunça möhüm çäreleriň ençemesiniň geçirmän, eýsem şuňa meňzeş beýleki çärelere-de, şol sanda paýtagtymyzyň „Aşgabat“ seýilgähinde gurnalan Halkara neşekeşlige we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreş güni mynasybetli gurnalan çärä-de işjeň gatnaşdylar.

Maglumatlar-bilim merkeziniň agzalary tomus günleri hem gowy işlediler. Olar Awazadaky we Gökderedäki çagalar-sagaldyş merkezlerinde „deň-duş deň-duşa öwredýär“ formatda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükirilen düşündiriş çäreleriniň birnäçesini geçirdiler.

Merkeziň işini çagalar we ýaşlar bilen indi köp wagt bäri işläp gelýän tejribeli Maýa Meretgulyýewa alyp barýar. Onuň baştutanlygynda Y-PEER meýletinler topary işleýär, olaryň arasynda uýalar Aýgözel we Selbi Muhammedowalar, Gunça Annageldiýewa, Emir Gurbanow, Altynaý Gurbanowa, Arzuw Atajanowa we Gözel Akmämmedowa dagy bar.

Çagalar-sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasyndaky maksatlaýyn maglumatlar-bilim okuwy oýun görnüşde geçirildi. Interaktiw formatda çagalara ýetginjekleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini we zyýanly endiklerden ýüz döndermegi wagyz etmek boýunça gymmatly düşünjeler berildi.

„Deň-duş deň-duşa öwredýär“ ýörelgesi boýunça maglumatlar-bilim çärelerine gatnaşan ýetginjekler alan bilimlerini deň-duşalryna öwrederler. Halkara ýaşlar güni mynasybetli „Deň-duş deň-duşa öwredýär“ Maglumat-bilim merkezi öz alyp barýan işi bieln tanyşdyrylyş, şeýle hem meýletinleriň we ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin gurnady ähli şertler döredilen Çagalar we ýetginjekler köşgüniň dürli gurnaklaryna gatnaýanlaryň gatnaşmagynda döredijilik çärelerini gurnady.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-nde Polşa Respublikasynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

turkmenhabargullugy

Sosial Aragatnaşyk Ulgamlarymyz

syrach

Daşary Ýurt Howa Ýollarynyň Aşgabat Halkara Howa Menziline Gatnawlarynyň Uçuş Rejesiniň Tertibi

turkmenhabargullugy