20.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Ýeňşi Nazarlap

M. W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda «Lingwistika» ugry boýunça her ýyl geçirilýän Halkara uniwersiadanyň I tapgyrynyň netijeleri yglan edildi.

Lingwistika – uniwersiadanyň islegli ugurlarynyň biri bolup, oňa dürli ýurtlardan ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnaşýar. Oňa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da birnäçe gezek gatnaşdylar. Şu ýyl uniwersiadada ýurdumyza Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutyndan, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologýa uniwersitetinden, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan dilleri suwara bilýänler wekilçilik etdiler.

Aň-paýhas bäsleşigine gatnaşan türkmen talyplarynyň 40-syndan 38-si gowy netije gazanyp, ikinji tapgyra geçdi. Ýurdumyzyň esasy dil institutynyň talyplarynyň 22-si iňlis, nemes, rus, fransuz, ispan dillerini suwara bilýändiklerini görkezdiler.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň hem 12-si iňlis dilinden gowy taýýarlanypdyrlar. Rus dilinden emin agzalarynyň garamagyna işlerini hödürlän Oguz han adyndaky Inžener-tehnologýa uniwersitetiniň talyplarynyň dördüsi hem güýçlileriň hataryna girdiler.

Uniwersiadanyň I tapgrynda talyplara saýlap alan lingwistika ugry boýunça möhüm temadan tezis ýazmak tabşyryldy. Möçberi kiçeňräk, tematika taýdan gysby işler 6,5 müň belgiden geçmeli däldi. Şunda, ilkinji nobatda, talybyň dil bilşiniň derejesie baha berilýärdi, temasynyň üýtgeşikligi, möhümligi, onuň maglumatlarynyň ýetikligi, beýan ediliş usuly göz öňünde tutulýardy.

«Internetde sözüň emosional röwüşlerini bermegiň usullary», «Leksikanyň bir ugry hökmünde inwektiwanyň ulanylyşy»,«Geljekde terjimeçi hünäri ýitermi?», «Kompýuter we ýaşlaryň slenginde iňlis sözleriniň ulanylyşy» we beýleki temalardan talyplar işlerine has ýokary baha berildi.

Türkmen talyplary «Lingwistika» ugry boýunça her ýyl geçirilýän Halkara uniwersiada üçünji gezek gatnaşýarlar, olar bu gezek has şowly çykyş etdiler.

— Talyplarymyzyň 40-syndan 38-siniň öňe saýlanmagy gaty gowy netije. Ol geçen ýyllardaky halkara lingwistika uniwersiadalarynyň saýlama tapgyrlarynyň jemi boýunça iň gowy netijedir –diýip, Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň rus dili kafedrasynyň mugallymy Maýsa Ataýewa gürrüň berýär. – Ol, elbetde, milli bilim ulgamynyň häzirki depginli ösüşi, düýpli özgertmeleri, okuwda daşary ýurt dilleriniň işjeň öwrenilmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanşyklydyr.

Şu ýylyň ýazynda uniwersiadanyň II tapgyry onuň jemleýji netijelerini görkezer, onda daşary ýurt dillerine suwara ildeşlerimiz ýeňşe ylmtylýarlar.

Anastasiýa KASÝANOWA

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

YÖB Günorta Gaz Geçelgesi Taslamasyna Gatnaşmaga Taýýar

turkmenhabargullugy

Begenç Berkeliýew Milli Žiwopis Mekdebiniň Zehinli Ýaşlarynyň Birirdir

Futbol Çempionatymyzyň Ilkinji Üç Tapgyrynda 11 Futbolçy Tapawutlandy