11.8 C
Aşkabat
28.03.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Zenanlaryň Zynat-Bezegi Ýaglyk

Enelerimiziň sandygyndaky gadymy ajap haly, tara, keşde işlerine, dürli öwüşginli gyňaçlara, atlas, ýüpek, muslin we ýüň matalara gözüň düşenden bu gözelligiň bendisi bolýarsyň.

Türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň arasynda ýaglyk aýratyn orun tutýar: çünki zenan maşgala ömrüniň aglaba bölegini ýaglykly geçirýär. Ol diňe bir tomus jöwza yssydan, gyşyna sowukdan goraman, eýsem gadymdan galan başgap hökmünde tumar häsiýetlidirem, galyberse-de, haýsy ýaşda bolsa-da, ýaglyk zenan bezegidir.

Türkmen zenanlarynyň ýaglyklary dürli-dürli bolupdyr. Olary alys illerden – Hindistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Hywadan, Buharadan, Russiýadan getiripdirler. Olar türkmenler üçin aýawly saklanylýan gymmatly zat saýylyp, ony hem edil kümüş şaý-sepler ýaly gyzlaryna galdyrypdyrlar. Iň gymmadyndan iň arzanyna çenli öýme ýaglyk ahlaklylygyň, päkligiň we agraslygyň alamaty bolupdyr. Häzirki günlerde öýme – medeni özboluşlylygyň, dini ýörelgeleriň, agzybirligiň nyşanydyr.

Ýaglyk nagyşlaryna siňňin bakanyňda olarda täzeden täze detallara gabat gelýärsiň. Olara halanylýan şekiller – bägül, georgin, lotos, gülälek, nerkes, iris gülleriniň; köplenç bolsa söýgüniň gadymy nyşany — goşa kepderiniň suraty salnypdyr.

Keseligine eplenilýän ullakan dörtburç ýüpek we ýüň ýaglyklary häli-häzirem Türkmenistanyň ähli ýerinde zenanlarymyz daňynýarlar. Häzirki wagtda olar azerbaýjanlaryň kelegaý, pawlo posad ýaglyklary, şeýle hem arap, ýapon, türk, eýran we hytaý gyňaçlary, boýunlyklary we kiçi ýaglyklarydyr.

***

Men üýtgeşik bir matany – näzikligiň nyşany bolan «akyp duran ýüpegi» emaý bilen ele alýaryn. Azerbaýjanda kelagaýylara — owadan gülli ullakan ýüpek ýaglykalara şeýle diýýärler.

Bu ýaglygyň özi gaty üýtgeşik, matasy, döreýşi, sypaty babatda-da saýry gelýär. Onuň ýüpek sapaklary öte inçe bolsa-da, olar juda berkdir… Ýumşaklygy üçinem ýüzük halkasyndan aňsat-ýeňil geçip gidýär.

Azerbaýjanlaryň milli kelagaýy ýaglygy türkmen zenanlarynyňam halaýan ýaglygyna öwrüldi. XVII asyrda Azerbaýjan Ýakyn Gnüdogaryň iri ýüpekçilik sebiti bolupdyr. Bu ýerde asyrlarboýy tut gurçugyny ýetişdirip, ýüpek ýüplük alyp, inçeden nepis, owadan nagyşly matalardyr ýüpek ýaglyklar öndüripdirler. Şol ýüpek şeýle bir meşhur bolupdyr welin, XIX asyrda ýüpek öndürilýän merkez bolan Şeki şäherine «ýüpek paýtagty» diýipdirler.

Häli-häzirem Azerbaýjanda kelagaýy öndürmek däbi ýöredilýär. Bu gadymy sungatdyr, asyrlar bäri ussatlar şol bir usulda işleýärler. Kelagaýyny reňklemek üçin diňe ösümlik baldaklaryndan, agaçlaryň we gülleriň gabygyndan tebigy reňkler ulanylypdyr, şonuň üçinem üstünden ençeme ýyl geçse-de ,olaryň reňki solmaýar.

Ozallar kelagaýyny diňe erkek adamlar reňkläpdirler, sebäbi ol agyr hem kyn iş bolupdyr. Ol hakyky hand made! – el işi ekeni! Ussa agyr trafaret ulanyp, ýaglygy gaýnap duran reňkli gazanda «batik» — ýüpege gyzgyn usulda reňk salypdyr. Kelegaýa bezeg agaçdan ýa-da polatdan ýörüte galyplarda salnypdyr. San-sajaksyz dürli nagyşlaryň aglabasynyň mifologik köki bolup, olar gadymyýetden nusga galypdyr. Ýöne kelagaýyda köplenç buta (depesi egremçeli badamşekil nagyş) ulanylypdyr.

***

Türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň arasynda gadymy Pawlowo Posad şäherinde öndürilýän owadan ýaglyklardyr gyňaçlar aýratyn orun tutýar. Pawlowo Posadyň ady belli ýaglygy 200 ýyldan gowrak wagt bäri tutuş dünýä zenanlaryna bezeg berýär. Russiýada ilkinji ýaglyklary XVIII asyryň ahyrynda çykaryp başlapdyrlar! Olar ýaglygyň tutuş ýüzüni tutup duran dok, ýöne örän arassa we nepis nagyşly, bägül, güller gunçasy we owadan ösümlik elementli şekili bilen saýlanypdyr. Ilkibada Pawlowo Posad ýaglyklaryna türk hyýarlarynyň we asly Gündogardan beýleki ösümlik şekilleri salnypdyr.

Taýýarlanyşynyň özboluşly usuly we ýokary hili Pawlowo Posad ýaglyklaryny tapawutlandyrýar. Olar uzak wagt – degerli ideg edilende onlarça ýyllap ulandyrýar. Ýarym ýüň we ýüň gyňaçlar gyş aýlary ýylylyk berýär. Türkmen zenanlary ýüpek seçekli ýüň ýaglyklary höwes bilen satyn alýarlar, çünki olar ýüň seçekli ýaglyklardan tekiz ýatýar.

Häzirki Pawlowo Posad ýaglyklary diňe bir ýüňden däl, eýsem ýüpekden we pagtadan hem dokalýar. Ol halk arasynda-da, iň modaly ýörelgelerde hem islendik türkmen milli lybasyna gelşik berýär.

***

Türkmenistanda Pawlowo Posad we Azerbaýjan tilsimli ýaglyklary Çärjew şäherindäki ýüň egirme-dokma fabriginde taýýarlaýardydylar. Indi Türkmenabat şäherinde öňki fabrigiň binýadynda Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky ýaglyk fabrigi kemala geldi. Bu ýerde sypaýy, nepis, birneme dabaraly, suraty, reňkleri babatda hem özboluşly ýaglyklar öndürilýär.

Häzirki wagtda durmuşa çykan zenanlaryň baş ýaglygynda olaryň maşgala ýagdaýyny aňladýan ugur ýoň boldy. Toýdan soň gelinler topbynyň üstünden ýüpek ýaglyk daňýarlar, biraz ulurak ýaşlylary kiçi ýaglygyň üstünden gyňaç atýarlar. Zenanlar işlände päsgel bermeýän, şol bir wagtyň özünde milli däplere we howa şertlerine laýyk gelýän ýaglyk atynýarlar. Häzirki wagtda hem toý-dabaralara owadan ýaglykly we lybasly barýarlar.

Ol ýa-da beýleki usulda daňylýan ýaglyk häzirki döwürde hem Türkmenistanyň oba we şäher ilatynyň arasynda zenan ýaglyklarynyň esasy görnüşi hökmünde ähmiýetini ýitirmän gelýär. Ýaglyk häzirki döwrüň zenanlarynyň lybaslarynyň aýrylmaz bölegidir.

Ajap BAÝRYÝEWA, entograf, taryh ylymlarynyň kandidaty

Surata düşüren: awtor

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Bathyz goraghanasynyň täsinlikläri

syrach

Aşgabatda TFF-niň Eminleriniň Gatnaşmagynda Okuw Ýygnanyşygy Geçiriler

Türkmen Alymlary Ösümlikleriň Geobotanika Kartasynyň Üstüni Doldurmak Babatda Iş Alyp Barýarlar