26.9 C
Aşkabat
01.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ylham gudratynyň seýilgähi

Paýtagtymyzyň seýilgäh zolagyna ýene-de bir ajaýyp dürdäne goşuldy. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşhabadyň taryhy merkezinde bina edilen we döwlet Baştutanynyň teklibi boýunça «Ylham seýilgähi» diýlip atlandyrylan çeperçilik-seýilgäh toplumydyr.

Täze Galkynyş eýýamynyň ýokary döredijilik ruhy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän «Ylham» ady örän jüpüne düşüpdir. Türkmen halkynyň şan-şöhratyna, taryhy üstünliklerine we ýeňişlerine beslenen eýýamlar müňýyllyklaryň içinden ýol salyp, şu günlere gelip ýetdi we bu alys ýoly beýik işler bilen şöhratlandyrdy. Şeýle hem adamzat siwilizasiýasynyň, dünýä ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine ägirt uly goşandy emele getirdi. Ol eýýamlar milletiň ruhy Galkynyşynyň, ösüşiniň we täze belentliklere ýetmäge bolan ymtylyşynyň tuguna öwrüldi. Türkmenistanda ägirt uly özgertmeleriň, giň möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýän we ykdysadyýetde, bilimde, ylymda, medeniýetde amala aşyrylýan üstünlikleriň zamanasyna öwrülen eýýamda arhitekturanyň durmuş ideologik ähmiýeti we ýurdy ösdürmekdäki orny aýdyň ýüze çykdy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly şähergurluşyk işleri ýurduň keşbini tanalmaz derejede özgertdi.

Bu özgertmeleriň esasy häsiýetli aýratynlyklarynyň biri-de, bagçylyk-seýilgäh sungatyny yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr. Bu ýerde şeýle bir sazlaşygy ýatlamak mümkin, seýilgäh zolaklarynyň taryhy we sungatyň özboluşly görnüşi hökmünde ykrar edilen bagçylygy döwrebaplaşdyrmak ussatlygynyň kemala gelmeginiň gözbaşy Renessans – italiýan eýýamyndan gaýdýar. Megerem galkynyş ruhy, çeperçilik başlangyçlarynyň oýanmagy tebigat bilen sazlaşygy ýola goýmak, iň ýagty ösüşleri, beýik we batyrgaý pikirlenmeleri ösdürmäge we ruhlandyrmaga ukyply bolan gurşawy döretmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýlelikde täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanda bagçylyk-seýilgäh sungatynyň ösüşine biziň ýurdumyzda kuwwatly itergi berilýär we ol giň gerime eýe bolýar. Ähli ýerlerde, uly we kiçi şäherlerde ählihalk baýramçylyklaryny guramak, şeýle hem adamlaryň dynç alyşy we wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin binagärlik desgalary bilen sazlaşygy emele getirýän ägirt uly gök zolaklar emele gelýär. Seýilgähler, baglar, gök guşaklar we ägirt uly meýdany bolan tokaý zolaklary türkmen topragynyň bezegine öwrüldiler we halkyň ýaşaýyş kuwwatyny, galkynýan ruhuny alamatlandyrýarlar.

Ine indi bolsa diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem tutuş sebitde özboluşlylygy bilen aýratyn tapawutlanýan, galyberse-de özüniň pikir, göwrüm we binagärlik çözgüdi, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan inżener-tehniki üpjünçiligi boýunça täze taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Türkmen halkynyň medeni we ruhy taryhynyň özboluşly ýyl ýazgysyny emele getirýän monumental heýkeltaraşlyk serişdeleri arkaly döredilen we milli mirasymyzyň: häzirki zaman edebiýatynyň, nusgawy şygyretiň, filosofiýanyň, ylmy pikirlenmäniň dürli taraplary «Ylham seýilgähi» çeperçilik-seýilgäh toplumynyň esasyny düzýär.

Taslamanyň ähmiýeti türkmen halkynyň görnükli ogullarynyň keşpleriniň heýkeller galereriýasy bir mowzuk bilen – döredijilik bilen birleşdirilmegindedir. Ilkinji nobatda bolsa, ol täze Galkynyş eýýamynyň ideýalarynyň hem-de ruhynyň, täze belentlikleriň we üstünlikleriň simwoly bolup durýanlygyndadyr. Taslamanyň baş maksady, biziň beýik pederlerimiziň ýagşy dessurlaryny saklamakdan, artdyrmakdan we olary geljek nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Çünki biz öz Watanymyzyň taryhyny bilmek we oňa hormat goýmak arkaly ýaş nesillerimiz üçin mynasyp geljegi döredip bileris. Diňe şunuň ýaly ýagdaýda biziň döwletimiziň geljekki abadançylygynyň we rowaçlygynyň binýady bolan nesilleriniň ruhy arabaglanşygyny saklap bolar.

Hut şonuň üçinem täze heýkel-seýilgäh toplumy gadymy döwürlerdäki medeniýet we ylym işgärleriniň hem-de rowaýata öwrülen pederlerimiziň kesbini XX asyrda dowam etdirijileriniň şöhratly atlaryny ebedilişdermek hem-de olary ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazmak, şeýle hem giň dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin niýetlenendir.

Ýöne bu toplumyň mazmun we çeperçilik manysy diňe munuň bilen çäklenmeýär. Onda halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiligi beýan edildi. Toplumyň her bir künjegi oýlanyşykly we tygşytly guralyp, olar paýhas, sazlaşyk, döredijilik filosofiýasynyň kanunlaryna esaslanyp döwletiň hem-de jemgyýetçiligiň keşbiniň ideýasyny özünde jemleýär.

Bu ajaýyp monumental desgany durmuşa geçirmek üçin binagärlik we bag-seýilgäh sungatynyň nusgawy ugurlary, özüniň keşbi, gözelligi we kaşaňlygy bilen ähli döwrülerde derwaýys bolan ýörelgeler saýlanyp alyndy. Suw çüwdürimleri we heýkeller hemişe gök öwüsip oturan baglaryň göni hatarynyň merkezi ugrunda ýerleşdirilipdir. Gök zolaklaryň, baglaryň, howuzlaryň, yşyklaryň ýerleşişi biri-biri bilen berk baglanşygy emele getirýär. Olaryň ussatlyk bilen ýerli-erinde goýulmagy gözýetime sary uzap gidýän gözelligi döredýär.

Täze heýkel-seýilgäh toplumy özüniň dabaraly sazlaşygy, beýik kaşaňlygy we oňaýlylygy bilen haýrana goýýar. Bu ýerde rahat dynç alyş we döredijilik utgaşýar. Şeýle ajaýyp sazlaşyk arkaly örän gelşikli we owadan seýilgäh emele gelipdir. Ol misli nurana ýagtylyk, tenekar howa, suw öwüşginleri, şygyryýet ruhubelentligi bilen beslenen ýaly. Seýilgähde taryhyň dürli döwürleri özara utgaşýar, bu ýerde rowaýatlar we dessanlar örboýuna galýar. Gadymy pederlerimiziň wesetleri we milli gahrymanlaryň keşpleri janlanýar, dutaryň kümüşsöw owazy gulaga ilýär. Bularyň hemmesiniň güri ilatly ýaşaýyş toplumynyň, köp sanly ulag gatnawlary hem-de häzirkizaman desgalary bolan esasy şaýollaryň merkezinde ýerleşýändigi has-da ýakymlydyr.

Günorta – günbatardan demirgazyk – gündogar ugur boýunça uzap gidýän we Görogly şaýolundan Magtymguly şaýoly aralygyna çenli birnäçe tapgyrlary öz içine alýan seýilgäh ölçegi boýunça deňeçerräk bolan üç sektora bölünýär. Olar göwrümi hem-de ölçegi boýunça bir hatary emele getirýän ýaşajyk baglar bilen gurşalandyr. Ýeri gelende aýtsak, seýilgähiň iki çäginden geçýän şaýollar türkmen taryhynyň beýik şahsyýetleriniň atlaryny göterýär. Şeýle hem seýilgähiň her bir künjeginiň özboluşly abadanlaşdyrylyşy bar.

Eger-de seýilgähe guş uçar belentlikden seretseň, onda onuň birinji sektory haly nagşyny, ikinjisi bolsa milli keşdäniň bir görnüşini, üçünji sektor aýlawly şekili bolan erkin ýaýrawy ýatladýar. Bu ýerde täze gün üçin simwoliki taryhy giňişlik açylýar. Onuň her bir elementi çuňňur mazmuna eýedir.

Merkezi alleýanyň iki tarapynda uzalyp gidýän heýkeller galereýasy seýilgähiň iň merkezi bölegidir. Açyk asmanyň astynda ýerleşýän muzeýde 46 şekil bolup, ol asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli bolan taryhy beýan edýär. Olar Abubekir as Suly we Baýramhan, Mäne Baba we Mahmyt Kaşgarly, Abu Ali ibn Sina we Al Sarahsy, Biruni we Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary we Al Faraby, Omar Haýýam we Ýunus Emre, Hoja Ahmet Ýasawy we Fizuli hem-de başgalardyr. Şeýle hem şygyretiň görnükli nusgawy wekilleri Azady, Mollanepes, Andalyp, Kemine, Seýdi, Zelili, Mätäji, Nowaýy, hem-de XX asyryň ýazyjylarydyr, dramaturglarydyr we şahyrlarydyr. Olaryň arasynda Ata Gowşudow, Berdi Kerbabaýew, Aman Kekilow, Nurmyrat Saryhanow, Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow, Nury Baýramow, Gurbannazar Ezizow dagy bar. Şahyrlaryň, filosoflaryň, alymlaryň we medeniýet işgärleriniň keşbini döretmäge ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlary Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Nurmuhammet Ataýew we beýlekiler gatnaşdylar.

Sektorlar Mäti Kösäew adyndaky we Azady köçeleri arkaly bölünip giň binagärlik ýarym aýlawy, özboluşly derweze şekili bilen baglanyşyklydyr. Derwezeler bu ýerden geçýänleri türkmen medeniýetiniň taryhynyň dünýäsine gezelenç etmäge we onuň görnükli wekilleri bilen duşuşmaga çagyrýar.

Mäti Kösäew köçesiniň ugrundaky gelşikli sütünleriň ýarym aýlawy özüniň antik äheňi bilen ünsüňi çekýär. Bu ýerde gurlan amfiteatryň şekili hem hut şu stildedir. Bu ýerde dürli dabaralar, konsertler we beýleki medeni çäreler geçiriler. Şeýlelikde seýilgäh Aşgabadyň ýene-de bir asylly däbiniň dowam edýän ýeri we paýtagtymyzyň halkara medeni durmuşynyň merkezi bolar.

Seýilgähiň gurluşynda, bezeginde nusgawy binagärlik ýörelgeleri duýylýanam bolsa, ol örän döwrebap görnüşdedir. Bu ýerdäki gaýtalanmajak dabaraly şekili emele getirýän köp sanly suw kaskadlaryň seýilgähe ajaýyp şekil berýändigi gürrüňsizdir. Onuň yşyklandyrylyşy we sazly bezegi seýilgähiň gijeki görnüşine ertekilerdäki ýaly ajaýyplyk eçilýär.

Seýilgähiň ähli tapgyrlaryny birikdirýän suw çüwdürimler ulgamy dürli şekilleri özünde jemleýär. Olarda iň täze inżener-tehniki çözgütler ulanylypdyr.

Bu bolsa suwuň reňkli hem-de sazly oýunlaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde suw çüwdürimlerine esasy orun berilipdir. Howuzlaryň dury suwlaryna mawy asmanyň reňki siňipdir, suw çüwdürimleriniň damjalarynda Gün şöhleleri älemgoşar emele getirýär. Müňlerçe çüwdürimler bir-birine utgaşyp, birigip, bu monumental desganyň gurluşyny janlandyrýan özboluşly şekili emele getirýär. Seýilgähiň merkezinden akýan çasly akar Döwrüň Derýasyny şekillendirýär. Suwuň okgunly hereketi dürli eýýamlaryň paýhaslaryny janlandyran heýkelleriň keşbiniň içki ösüşini suratlandyrýar. Seýilgähiň merkezinden akýan suwly ýabyň üstünden 18 sany köpri gurlupdyr. Köprüleriň hanadan akýan suw görünýän plastik aýnalary olara özboluşlylyk çaýýar.

25 metr belentligi bolan üç sany yşyklandyryş sütünleri hem seýilgähiň ajaýyplyklarynyň içine girýär. Olaryň depesinde tegelek aýnalary bolan reňkli prożektorlar oturdylypdyr. Olar ýerde oturdylan prożektorlar bilen ajaýyp yşyk sazlaşygyny emele getirerler. Şeýle hem seýilgähde iki sany ak mermere beslenen, reňkli aýnalary bolan desgalar bar. Olar garbanyşhana üçin niýetlenen binalardyr. Seýilgähiň ähli giňişligi gijelerine köp sanly yşyklaryň kömegi bilen ýagtylandyrylar.

Parkyň tebigy ýerleşişi, ondaky saýaly hem-de gyrymsy agaçlaryň, hemişe gök öwüsýän arçalaryň we gülleriň sazlaşygy barada aýtmak hökmandyr. Seýilgähiň bezeginde tutuş topluma esasly we gutarnykly görnüş berýän dürli reňkler bilen bezelen daş şekiller möhüm orun eýeleýär. Seýilgähiň taslamaçylary we dizaýnçylary juda nepis hem-de örän jogapkärli işi ýerine ýetiripdirler. Olar täsir galdyrýan netije gazanmagy başarypdyrlar. Çünki olaryň öňünde diňe bir heýkellerden ybarat bolan seýilgähi döretmek däl-de, eýsem taryhyň beýikligi, milli medeni derejämiz türkmen halkynyň gymmatly ruhy baýlygy duýulýan jemgyýetçilik ähmiýeti bolan merkezi döretmek wezipesi goýlupdy.

Türkmen sungatynyň şöhrat muzeýiniň medeni-taryhy ähmiýeti bu ýere ýurdumyzyň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýän syýahatçylary, şeýle hem döwlet derejesindäki giň göwrümli çäreleri geçirmäge meýil bildirýänleri çekmekden ybaratdyr.

Özüniň estetiki, taryhy, ruhy-ahlak we terbiýeçilik ähmiýeti boýunça bu toplum beýleki seýilgäh toplumlaryndan saýlanýandygy gürrüňsizdir. Özüniň belent – romantiki gurluşy bilen ol sazlaşygyň, ýaşaýyş güýjüniň we päkizeligiň ajaýyp simfoniýasyny emele getirýär. Bu owaz ýürekleriň jümmüşinde aýdyň we hoşniýetli duýgylary oýarýar. Ol duýgylary biz ynsanperwerlik diýip atlandyrýarys we bu ýerde bolan her bir adamyň kalbynda bakylyk baradaky we geljege ruhlandyrýan hakydany saklaýan owaz hemişelik orun tutar.

Özüniň ýanaşyk ýerleri, köçeleriň ugurlary bilen birlikde seýilgäh ýapyk, bir üzňe giňişlik hökmünde däl-de eýsem, açyk, myhmansöer we ajaýyp ýer hökmünde belli bolar. Şunlukda türkmen milletiniň ýene-de bir häsiýetli aýratynlygy – açyklygy, myhmansöerligi, sahylygy we hoşniýetliligi janlanýar. Täsin seýilgäh durmuş energiýasyna beslenýär, ol misli özüniň güýji bilen tutuş giňişligi kuwwatlandyrýan mysaly.

Bu ýere maşgalasy, çagalary we agtyklary bilen adamlar gelerler. Olar «Ylham Seýilgähinde» tebigat gözelliginden we heýkeller kompozisiýasynyň sazlaşygyndan lezzet alarlar, döredijiligiň, ýokary ruhy derejeleriň beýik pelsepesine ýakyn durarlar. Bu bolsa ümmülmez gözelligi bolan Adamzat durmuşynyň esasyny düzýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministirliginde Duşuşyk

syrach