22.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministirliginde Duşuşyk

2015-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hytaý Halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky Döwlet komitetiniň Başlygynyň Orunbasary, HHR-iň energetika baradaky döwlet müdirliginiň başlygy jenap Nuýer Baýkeli tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýeti kabul etdi.

Taraplar dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň däp bolan esasy ösüş şertleriniň Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutanlarynyň derejesindäki özara sarpa goýulýan syýasy gatnaşyklardygyny belläp geçdiler. 

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny geljekde hem  çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalar geçirildi. 

Degişli makalalar

Aziada-2017-ä Taýýarlyk Maslahaty Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

syrach