24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ýokary Derejeli Türkmen-Katar Gepleşikleriniň Netijeleri Boýunça Ikitarplaýyn Resminamalara Gol Çekildi

Ýokary Derejeli Türkmen-Katar Gepleşikleriniň Netijeleri Boýunça Ikitarplaýyn Resminamalara Gol Çekildi

Şu gün Dohada ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleri geçirildi. Katar döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki iki ýurduň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde duşuşyk geçirdiler, soňra bolsa olar “ýüzbe-ýüz” ýagdaýda duşuşdylar.

Bu ýokary derejeli duşuşyk taraplaryň strategiki we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak meýillerini tassyklaýar. Türkmenistan ykdysadyýetde, ylymda we bilimde, energetika ulgamynda hem-de sport pudagynda düýpli üstünlikler gazanan ýurt hökmünde Kataryň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle hem biziň ýurtlarymyz uglewodorod serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýedir. Bu bolsa ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini şertlendirýär.

Türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň köp dürli meseleleri boýunça pikir alşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň ýollaryny anykladylar. Gepleşikleriň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň DIM-niň halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar döwletiniň Diplomatiýa institutynyň arasynda diplomatlary taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmekde özara düşünişmek barada Ähtnama bar. Hökümetara derejesinde energetike ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça we standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikasiýa we hasaba alyş pudaklarynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada ähtnamalar kabul edildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy bilen Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasy müdirligi özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler. Ýene bir resminama ekologiýa ugruna degişli bolup, ol bioköpdürlilik we janly tebigaty goramak boýunça özara düşünişmek barada Ähtnamadyr.

Degişli makalalar

Halkara Zähmet Guramasy Bilen Özarahereketleri Giňeltmegiň Mümkinçiliklerine Seredilip Geçildi

turkmenhabargullugy

Türkmen Türgenleri Futzal Boýunça Dünýäniň Öňdebaryjy Toparlaryny Haýran Galdyrar

Ýerewanda “Aşgabat 2017”-niň Oýunlary Hakynda Žurnal Neşir Edildi

turkmenhabargullugy