10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň Adatdan Daşary Duşuşygy

Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň Adatdan Daşary Duşuşygy

Malaýziýanyň başlangyjy bilen Kuala-Lumpur şäherinde “Mýanmadaky Rohinýaly musulman azlyklarynyň ýagdaýy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň adatdan daşary duşuşygy” geçirildi.

Bu maslahata YHG-nyň agza ýurtlarynyň 57-dеn wekiller gatnaşdy. Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň adatdan daşary duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Malaýziýa iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Malaýziýanyň Daşary işler ministri jenap Anifah Aman bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerini we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Futbol Çempionatynyň Bäşinji Tapgyryna Badalga Berildi

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Toparyň Mejlisi

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Atçylyk Toplumyna Baryp Gördi