14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Toparyň Mejlisi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatynyň we Geňeşlikleriň agzalarynyň saýlawlarynyň taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary hem-de onuň diwanynyň işgärleri, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden ybarat milli synçylar gatnaşdylar.

Onuň gün tertibine öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Hususan-da, ozal çykyp giden Parlamentiň deputatlarynyň, ýerli halk häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2019-njy ýylyň 31-nji martynda, ýekşenbe güni geçirmek meýilleşdirildi. Dalaşgärleri görkezmek işlerine 30-njy ýanwarda badalga berler we 28-nji fewrala çenli dowam eder. Dalaşgärleri bellige almak işleri 9-njy fewraldan 5-nji mart aralygynda bolar.

Saýlaw möwsümini üpjün etmäge we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge gönükdirilen çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşyp hem-de ony tassyklap, mejlise gatnaşyjylar saýlawyň öňüsyrasyndaky wagyz-nesihat işleriniň yzygiderliligini kesgitlediler.

Şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň welaýatlarda we Aşgabat şäherinde bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmäge taýýarlyk boýunça alyp barýan işleri baradaky maglumatlary diňlenildi. Demokratik ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň müňýyllyklaryň dowamynda halk demokratiýasynyň milli däpleriniň dowamynda emele gelen hereket edýän saýlaw kanunçylygy, saýlawlary guramagyň we geçirmegiň häzirki zaman tehnologiýasy, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna saýlanmagyň tertibi, saýlawçylaryň we dalaşgärleriň hukuklarynyň deňeçerligi, ses bermek çäreleri, saýlawlary geçirmegiň döwürleýinligi, raýatlaryň öz islegleriniň erkinligi bilen üpjün edilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň aýdyňlygynyň we giň bäsdeşliginiň üpjün edilmegini möhüm ugur hökmünde kesgitlediler we ilat arasynda degişli düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň wajypdygyny bellediler.

Merkezi saýlaw toparynyň agzalary öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäresiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň ygtybarly binýady bolup durýan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolundaky nobatdaky wajyp ädime öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

Tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ikisini saýlamak meselesi durýar. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň üçüsinde, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bolsa 14 saýlaw okruglarynda geçiriler. Şeýle hem Geňeşlikleriň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 100-sinde bolar. Ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň 188-si döredildi.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde gelip gowşan habarlary nazara alyp we saýlawlary geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler esasynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

TDH

Degişli makalalar

Walentina Matwiýenkonyň Ýolbaşçylygyndaky Rus Wekiliýeti Mejlisde Kabul Edildi

Garabogazda Gurulýan Karbamid Zawodynyň Gurnama Işleri Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Muzeýler Üçin Täze Tehnologiýalar: Sankt-Peterburgdan Gelip Gowşan Sowgat Näme Aňladýar

turkmenhabargullugy