18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SAGLYK

Yzgantdaky täze Saglyk merkezi

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň ýaşaýjylary uly ählihalk baýramçylygy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň ýene-de bir simwolyna öwrülen täze Saglyk merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Milletimiziň saglygyny goramak, türkmenistanlylaryň durmuşynyň ýokary hil derejesini gazanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynda turuwbaşdan möhüm wezipe hökmünde bellenildi. Milletiň Lideriniň başlangyjy we işjeň goldaw bermegi bilen ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmagyň giň möçberli «Saglyk» maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda açylan täze ýöriteleşdirilen lukmançylyk merkezleri, şeýle hem Arçmanda, Baharlyda, Farapda we Baýramalyda durky täzelenen sanatoriýa-şypahana toplumlary ýurdumyzyň edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini ep-esli giňelden lukmançylygynyň okgunly ösdürilýändigini aýdyň görkezýär, şolarda innowasion tehnologiýalar, bu babatda dünýä ylmynda we iş tejribesinde gazanylan öňdebaryjy üstünlikler adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilendir.

Oba lukmançylygyny ösdürmäge we hususan-da, etraplarda iň täze enjamlar bilen üpjün edilen köp ugurly häzirki zaman hassahanalaryny gurmaga bu işde möhüm orun berilýär. Mysal üçin, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda saglygy goraýyş – anyklaýyş merkezleri, täze saglyk öýleri we saglygy goraýyş ulgamynyň beýleki edaralary işleýär. Eneleri we çagalary goramagyň paýtagtymyzdaky şular ýaly merkezinden hiç bir babatda asgyn gelmeýän «Ene mähri» merkezleri döwlet Baştutanynyň ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky atalyk aladasynyň aýdyň tassyklamasy boldy. Häzirki taryhy eýýamda Döwletli, Ruhubelent, Esenguly, Altyn sähra şäherçelerinde gurlan täze etrap merkezleri obada öňdebaryjy saglygy goraýşyň nusgalary bolup hyzmat edýär. Indi Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjylarynda hem köp ugurlar boýunça şol ýerde hünärli lukmançylyk kömegini almaga mümkinçilik peýda boldy.

Mälim bolşy ýaly, häzir Yzgantda ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerinde bolşy ýaly, bu ýerde täze toplumlaýyn durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasy durmuşa geçirilýär—häzirki zaman sosial-durmuş infrastrukturasy işjeň kemala gelýär, täze ýollar çekilýär, köçeler abadanlaşdyrylýar, bagy-bossanly zolaklar döredilýär. Döwlet Baştutanynyň atasynyň hormatyna Berdimuhamet Annaýew diýlip atlandyrylan täze umumybilim berýän mekdebiň, şeýle hem geçen ýylyň sentýabrynda çagalar bagynyň açylmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy.

Täze Saglyk merkeziniň mermer ötrülen binasynyň öňündäki meýdançada ir bilen baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Dabaraly açylyş mynasybetli bu ýere oba ýaşaýjylarynyň ýüzlerçesi we köp sanly myhmanlar, welaýatyň we etrabyň administrasiýasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýaşulular, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, żurnalistler ýygnandylar. Uly baýramçylyk maksatnamasy bilen çykyş eden aýdym-saz we tans toparlary öz döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça türkmen gurluşykçylarynyň güýçleri bilen gurlan Saglyk merkezi binagärlik taýdan beýan edilişiniň özboluşlylygy we ýerine ýetiriliş hili boýunça lukmançylyk desgalaryny gurmak baradaky standartlaryň ähli talaplaryna laýyk gelýär.

Köp ugurly hassahana iki gat mermer örtülen binada ýerleşýär we bejeriş-maslahat beriş hem-de kesel anyklaýyş bölümlerini, tiz kömek bölümini, çaga dogrulýan bölümi we dermanhanany özünde jemleýän toplumdan ybaratdyr. Olarda näsaglary kabul etmegiň aýratynlyklaryny nazara almak bilen şol saglyk öýüniň bölümleriniň ählisiniň amatly ýerleşmegi lukmançylyk işgärleriniň işlemegi, näsaglary bejermegi, şol sanda olaryň stasionarda bolmagy üçin ähli zerur şertleri üpjün edýär.

Mysal üçin, hassahananyň birinji gatynda iň häzirki zaman lukmançylyk tehnikasy, ýokary hilli enjamlar we gurallar, şol sanda agyr näsaglary bejermek üçin enjamlar bilen üpjün edilen «tiz kömek» bölümi, çaga dogrulýan bölüm we hirurgiýa otaglary ýerleşýär. Umuman alnanda 30 sany stasionar orun üçin niýetlenilen hassahana ilata lukmançylyk taýdan hyzmat etmegiň dürli ugurlarynda bejeriş-öňüni alyş, saglygy goraýyş-anyklaýyş we beýleki hyzmatlary üpjün edip biler.

Hünärli lukmanlar—kardiolog, terapewt, newropatolog, ginekolog, stomatolog we beýleki belli bir ugra degişli hünärmenler näsaglary her gün kabul ederler, olaryň iş otaglary ikinji gatda ýerleşýär. Öz ygtyýarynda stasionar we göçme portatiw abzallar bolan ultrasesli barlaglar, rentgen we EKG otaglarynda doly lukmançylyk barlaglaryny geçmek mümkindir. Laboratoriýalar, fizioterapewtiki bölümiň bejeriş otaglary, şeýle hem bejeriş-sagaldyş bedenterbiýesi bilen meşgullanmak üçin giň otaglar ähli zerur zatlar bilen üpjün edilendir.

Häzirki zaman saglyk merkezleriniň üýtgewsiz düzüm bölegi bolup durýan dermanhana derman serişdeleriniň we lukmançylyk serişdeleriniň, şol sanda ýurdumyzyň derman senagatynyň önümleriniň doly toplumyna eýedir.

Yzgandyň esasy köçesiniň binagärlik landşaftyna sazlaşykly utgaşan täze Saglyk merkezi, şeýle hem onuň golaýynda ýerleşen meşhur orta mekdep we çagalar bagy Türkmenistanda durmuşa geçirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz giň beýanyny tapan döwlet syýasatynyň aýdyň ýüze çykmasy boldy.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýänligi, milletiň Lideri tarapyndan ýöredilýän parasatly döredijilik syýasaty üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdiler, şol syýasatyň maksady bolsa milletimiziň abadançylygydyr we türkmen halkynyň rowaçlygydyr.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Formula 1 bäsleşikleriniň legendar sürüjisi Şumaheriň ýagdaýy agyr.

syrach

Yabancılar için HES (Hayat Eve Sığar) kodu nasıl alınır?

turkmenhabargullugy

Saglygy goraýyş boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

syrach