25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

«Zähmet» Bekedi Gazçylary Arassa Agyz Suwy Bilen Üpjün Edýär

Ilaty we kärhanalary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek döwletiň ileri tutýan wezipeleriniň biri. Bu ugurda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi, iň täze suw arassalaýjy desgalar guruldy. Şolaryň hatarynda suw üpjünçiligi boýunça müdirligiň «Zähmet» bekedi bar.

«Türkmengaz» DK-nyň «Marygazçykaryş» müdirliginiň önümçilik bölümleri birnäçe ýyldan bäri üstünlikli ulanyşda bolan suw bekedi bilen hyzmatdaşlygy işjeň berkidýärler we giňeldýärler. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan beket suwuň Garagum derýasynyň derejesinden onlarça metr belentlige galdyrylmagyny üpjün edýän çylşyrymly gidrotehniki gurluşa eýedir. Suwuň ýokary hilli arassalanmagy üçin häzirki zaman arassalaýjylar we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary peýdalanylýar.

«Zähmet» bekedi «Malaý» we «Üçajy» gaz känleriniň desgalarynda zähmet çekýän gazçylary ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bekediň kuwwatlylygy günde 1200 kub metr arassalanan agyz suwuna barabardyr. Suw uzynlygy 60 kilometr bolan uly diametrli iki sany turbalar arkaly getirilýär.

Hünärmenler suwuň sarp edilişiniň ölçeglerini gündelik barlap durýarlar, suwuň hilini we akymy gözegçilikde saklaýarlar.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Welaýatlarynda we Paýtagtymyzda Täze Ýyl Arçalarynyň Yşyklary Nur Saçdy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Gaz Çykarmakda Innowasion Tehnologiýalaryň Orny Ýokarlanýar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi