21.2 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Zenan Ýylgyrsa, Zemin Ýylgyrar

Sebäbi ol bu goja dünýädäki ähli janly-jandarlary özüniň mähri bilen apalaýar. Onuň ene hamraklygyndan balalary gününi sanap däl, eýsem, sagadyny sanap ösýär. Daň säher bilen şirin hüwdüsi ýaňlananda, mähir sallançagyndaky balasy bala batýar. Bu bala, ine, bir görseň, golboýy çagajykdyr welin, bir seretseňem, eýýäm goç ýigit. Şol iki döwrüň aratapawudy enäniň perzendine bolan hiç bir zat bilen ornuny çalşyryp bolmajak tükeniksiz söýgüsi bilen doludyr.
Agzybir ojaklaryň odunyň zenanyň üns-aladasy, hyzmaty, mähri hem-de yhlasy bilen labyrdap durandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Sebäbi zenan şol ojagyň mähir tutaşdyrlygydyr. Her kim ― isle ol ýanýoldaş bolsun, ogul, gyz, gelin-agtyk ýürejigindäkini onuň bilen paýlaşar. Maşgalanyň ýetmezini ýetirýän, bitmezini bitirýän ata bir söz aýdyljak ýa-da haýyş ediljek bolsa-da, perzentler enäniň üsti bilen ýetirerler. Sebäbi atanyň ugruny tapýan hem, maşgalanyň her bir agzasynyň hal-ýagdaýyny, okuwdyr işini içgin öwrenýän hem şol öýüň zenanydyr. Şeýle düzgün-kada bolanda, enäniň sarpasy has hem belende galýar. Öýüň ekleýjisi bolan ata hormat-sylag hiç mahal egsilmeýär. Ynsan ähli ýaşda hem mähre, mylaýym söze, sypaýylyga, edep-ekrama teşnedir. Danalaryň biriniň: «Işden soň haýsy bir adam öýüne ýetmäge howlugýan bolsa, şol ynsan bagtlydyr. Oňa şol mährem ojakda söýgi garaşýandyr» diýşi ýaly, mylaýymzada zenana duşan erkek kişiler ýanýoldaşdan nesibelidirler. Şeýle ejesi bolan perzentler dokmäde, ynsaply, dogumly we özüne ynamly bolýar. Sebäbi dünýäniň islendik maddy we ruhy baýlygy bu zenanyň kalbynda jemlenýär. Onuň terbiýe atly beýik mekdebini geçýän ogul-gyzlar il arasynda ähli tarapdan aýyl-saýyl bolup durandyr. Edep-ekramda, iş başarjaňlykda, töweregi bilen gatnaşykda oňat enäniň terbiýesini alan perzentleriň görüm-göreldesi başgaçadyr. Ene-atanyň nury didesinden ganyp kemala gelen perzentler dokmädedir. Aglasa diňdirilip, ýykylsa galdyrylyp, üşese üsti ýapylyp, ajyksa ak süýtden gandyrylyp ýetişdirilen perzentler erkelenip kemala gelensoň, elmydama dogumly we özüne ynamly bolýandyr.
Haýsy öýde gyz maşgala bar bolsa, şol öýüň şatlyk-şagalaňy artykmaçdyr. Ene-atanyň göwün hoşy bolan gyzjagaz entek 4-5 ýaşyndaka, öýe mähir paýlap başlaýar. Onuň enesidir ejesine öýkünip maşgala agzalaryna edýän hyzmaty göwnüňe hoş ýakýar. Gyzly öý elmydama gül pürkülen ýalydyr. Kalbynyň gözel, näzik bolşy ýaly, gyz maşgala öýde gözellik döredýändir. Edepli-ekramly, akylly-başly şeýle gyz maşgala kakasynyň we erkek doganlarynyň ýüzüniň tuwagy hasaplanýar. Ol durmuşa çykansoň hem ýeri gädilip duruberýär. Ýöne ahyr-owal ol öz barmaly hakyky ojagyna gowşansoň, bagty-maňlaýy dilenýär-de, kem-kemden öwrenişilip gidilýär. Ýöne pederlerimiziň: «Gyz bir seç pişmedir, biri güle düşer, biri küle…» diýşi ýaly, gyz maşgala nesibesindäkini görýär. Haçan-da zenany söýýän we apalaýan, ekläp-saklaýan, hiç zada hor-zar etmän düşünişip ýaşaýan ýanýoldaş duşanda, onuň özi sowgatdyr. Şeýle ýanýoldaş Allatagalanyň zenana bagyşlan iň gowy sowgadydyr.
Il arasynda ähli tarapdan sylag-hormata mynasyp maşgala ýüze sylynýar. «Bolsaň hem pylanylaryň ogly-gyzy bolaýsaň» diýilýär. Edil şonuň ýaly şu döwletli döwranlarda gül-läle bolup açylýan gyz-gelinlerimizi göreniňde, «Türkmeniň zenany bolaýsaň» diýdirýär. Sebäbi bu ajaýyp döwürde zenan mertebesi, sylag-hormaty beýikdir. Şeýle sarpa edil kuýaş kimin ýürekleri baky ýyladýar. Baýramyňyz bilen, mähriban gelin-gyzlar!

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Olimpiýa Şäherçesinde “Aşgabat 2017” Oýunlaryna Gatnaşyjy Ýurtlaryň Otuzysynyň Baýdaklary Galdyrdy

turkmenhabargullugy

Ýaşa, Ak Günleriň Göwni Galmasyn!

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi