18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, KARAR EDÝÄRIN:

1. Şu ýaşlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2020-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we noutbuk kompýuterleri bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri Rahim Selimowiç Hojamyradowy — 1-nji orun;

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasynyň kliniki ordinatory Yklym Çarymuhammedowiç Bolmämmedowy — 1-nji orun;

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň epizootologiýa barlaghanasynyň ylmy işgäri Merdan Rejepmämmedowiç Taýewi — 1-nji orun;

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy Wepa Döwletgeldiýewiç Döwletgeldiýewi — 1-nji orun;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň göwreli aýallaryň patologiýasy bölüminiň lukmany Ogulkeýik Rahymberdiýewna Hojageldiýewany — 3-nji orun;

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Begenç Nobatowiç Bazarowy — 3-nji orun;

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döwleti öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri Aýna Allamuradowna Tangyýewany — 3-nji orun;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň medeniýet bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedowiç Muhammedowy — 3-nji orun;

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň innowasiýalaryň ykdysadyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Jemal Çaryýarowna Kulyýewany — 3-nji orun;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Akmuhammet Aýdogdyýewiç Jumagulyýewi — 3-nji orun;

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis filologiýasy kafedrasynyň mugallymy Gunça Gurbanmyradowna Gurbanmyradowany — 3-nji orun;

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň öwreniji mugallymy Mälikberdi Atageldiýewiç Atageldiýewi — 3-nji orun;

Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gültäç Meretdurdyýewna Annamämmedowany — 3-nji orun;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jemal Nuryýewna Toryýewany — 3-nji orun;

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň başlangyç synplarda we mekdebe çenli çagalar edaralarynda okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Muhammet Hemraýewiç Jumaýewi — 3-nji orun;

Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýjahan Penamuhammedowna Gulhanowany — 3-nji orun;

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Baýmyrat Serdarberdiýewiç Annabaýewi — 1-nji orun;

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Enejan Penjiýewna Babaýewany — 1-nji orun;

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýgül Baýrammämmedowna Abaýewany — 1-nji orun;

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ulaglar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Döwrangeldi Döwletnazarowiç Suwhanowy — 1-nji orun;

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Kuwwat Astanagulyýewiç Abraýewi — 1-nji orun;

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aman Berdimyrat ogly Berdimyradowy — 1-nji orun;

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mähri Agamyradowna Şamuradowany — 2-nji orun;

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Dürjahan Patşagulyýewna Ataýewany — 2-nji orun;

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Ýazmyrat Saparmyradowiç Gulmämmedowy — 2-nji orun;

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülöwser Muhommetjumaýewna Esenowany — 2-nji orun;

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kadyr Ýazmyradowiç Amanowy — 2-nji orun;

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Annageldi Serdarowiç Annaýewi — 2-nji orun;

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Patma Meretniýazowna Igdyrowany — 2-nji orun;

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby Sülgün Bazarowna Bazarowany — 2-nji orun;

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Dowran Silapberdiýewiç Ýazdurdyýewi — 2-nji orun;

Türkmen döwlet maliýe institutynyň bank işi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Akmyrat Begmyradowiç Şiriýewi — 2-nji orun;

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Saparsoltan Serdarowna Darrynowany — 2-nji orun;

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Serdar Merdanowiç Bekmämmedowy — 2-nji orun;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Jennet Çaryýargulyýewna Seýdiýewany — 2-nji orun;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýtäç Ahmetberdiýewna Mededowany — 2-nji orun;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Kerim Döwletowiç Baýgeldiýewi — 2-nji orun;

Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Abdyrahman Jumadurdyýewiç Annamyradowy — 2-nji orun;

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat-tehnologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nepes Magsatmyradowiç Saparnazarowy — 2-nji orun;

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kakajan Hojagurbanowiç Çaryýarowy — 3-nji orun;

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ýusup Amanmämmedowiç Gurbanmämmedowy — 3-nji orun;

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Rasulbek Bazarbaýewiç Tangriberganowy — 3-nji orun;

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Nurgeldi Jepbarowiç Annamuhammedowy — 3-nji orun;

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Laçyn Merdanowany — 3-nji orun;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gunça Batyrowna Gurbanowany — 3-nji orun;

Türkmenistanyň Serhet institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Begli Guwanjowiç Gurbandurdyýewi — 3-nji orun;

2. Şu Kararyň birinji böleginde görkezilen maksatlar üçin çykdajylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Degişli makalalar

14-nji Tapgyryň Jemleýji Duşuşyklary Geçirildi

Ýaşlarymyzyn Üstünlikleri Ýurdumyzyň Beýik Gelejegidir

syrach

RUSSIÝANYŇ GÜNORTA SEBITLERINDE GELEN SIL SEBÄPLI ULY ÝITGI ÇEKILDI

syrach