14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
DURMUŞ

“Syýahat” žurnaly Türkmenistana çagyrýar.

Syýahatçylyk bazar we ýurduň keşbini görkezýän ugur diýlip hasaplanýar, şu iki jähetiň maýa goýumlarynyň we maglumatlaryň özara baglanyşyklydygyny we birek-birege baglydygyny görkezýändigi Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan neşir edilýän “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sanynda beýan edilýän esasy meselä öwrüldi. 

Neşiriň täze sanynda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyndaky ýagdaýlara we onuň ösüşiniň geljekki mümkinçiliklerine hut şu jähetden garalýar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki özgertmeler bilen baglylykda, bu ulgam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetiň ösüşiniň esasy ugry hökmünde kesgitlenildi. 



Hakykatdan-da, häzirki döwürde dünýäde mahabatlandyrmak boýunça tehnologiýalaryň durmuşyň ähli ugurlaryna diýen ýaly ornaşan mahalynda, hut maglumatlar islendik taslamany, başlangyjy, oý-pikiri amala aşyrmakda esasy orny eýeleýär. Milli Liderimiziň orta möhletleýin geljekki döwür boýunça türkmen syýahatçylyk toplumynyň öňünde goýan strategiki wezipeleriniň giň gerimlidigini göz öňünde tutanyňda, bularyň berjaý edilmegi maglumatlaryň berlişiniň netijeliligine gös-göni bagly bolup durýar. “Syýahat” žurnaly hem bu möhüm ähmiýetli ulgamyň ösdürilmegine öz goşandyny goşmalydyr, bu neşir türkmen, şeýle hem rus we iňlis dillerinde çap edilip, ýurdumyzyň syýahatçylyk agentlikleriniň, söwda we diplomatik wekilhanalarynyň üsti bilen daşary ýurtlarda-da ýaýradylýar. 

Ykdysady özgertmeler we maýa goýumlary babatdaky ýeňillikler türkmen bazarynyň dünýäniň iri kompaniýalaryna tanadylmagyna badalga berdi. Ýurdumyz daşary ýurt firmalarynyň maýa goýumlarynyň gönükdirilýän örän oňaýly bazarlarynyň birine öwrüldi. Şunda ösýän syýahatçylyk maýa goýumlaryny çekmekde oňaýly ýagdaýa öwrüldi we şol bir wagtyň özünde beýleki ugurlaryň ählisi boýunça netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna badalga berýän ulgam bolup, ýurdumyzy ähli myhmanlara, hoşniýetli dostlara we hyzmatdaşlara tanadýar. 

Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny wagyz etmek we onuň at-abraýyny beýgeltmek žurnalyň esasy wezipesi bolup durýar. Şeýle hem žurnalda ilkinji nobatda şu ugurda bolup geçýän halkara derejeli wakalar baradaky maglumatlar, giň köpçülik üçin etnografiýa we taryhy-medeni ugra degişli ylmy-populýar makalalar, tanyşdyrmak bilen bagly kiçeňräk maglumatlar çap edilýär. 

Žurnalyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna we ählumumy syýahatçylyk bazaryna goşulyşmagyna degişli meselä uly orun berilýär. Şu ýylyň ýanwarynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Taleb Rifainiň sapary dünýäde halkara syýahatçylygynyň geljegine uly umyt baglanýan täze ugry hökmünde ýurdumyza hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde syýahatçylyk ulgamynyň kemala getirilýän milli nusgasyna we myhmansöýerlige bildirilýän gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýän subutnama öwrüldi. UNWTO-nyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Baştutanyny “Dünýäniň Liderleri syýahatçylygy goldamak ugrunda” atly çärä goşulmaga çagyrmagy ýurdumyzyň halkara derejesindäki ornunyň artýandygyny hem-de häzirki wagtda ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyna medeniýetleri we halklary ýakynlaşdyrmagyň netijeli ugry hökmünde garalýandygyny tassyklaýar. 

Jenap Taleb Rifainiň Türkmenistana sapary, bu saparyň barşynda geçirilen duşuşyklar we gepleşikler ýakyn ýyllarda UNWTO bilen bilelikde hereket etmegiň maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna badalga berdi. Žurnalda bellenilmegine görä, şunda-da Türkmenistanyň syýahatçylyga degişli taslamalaryna bilermenler tarapyndan we marketing taýdan goldaw berilmegi, pudakda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we maýa goýumlarynyň çekilmegi, şol sanda tejribe alyşmak boýunça maslahatlary we amaly okuw maslahatlaryny guramak arkaly maglumatlar babatda özara arkalaşykly hereket edilmegi ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. 2013-nji ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçiriljek Türkmenistanyň Halkara syýahatçylyk kongresi şu ugurdaky möhüm ädime öwrüler, ony “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Türkmenistanyň daşary ýurtlarda guralýan iri halkara forumlaryna gatnaşmagy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we dünýäde toplanan iň oňat tejribäni öwrenmek bilen bagly wezipelerden gelip çykýar. 2013-nji ýylyň başynda Ýewropa gönükdirilen ugra degişli waka bolup geçdi: “Syýahat” žurnalynda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň gatnaşmagynda türkmen wekiliýetiniň Germaniýanyň Kýoln şäherinde guralan atçylyk boýunça halkara sergisindäki işi baradaky makala çap edildi. Mundan başga-da, TDH-nyň habar berşi ýaly, ýakynda Türkmenistan Belgiýanyň Gente şäherinde guralan şunuň ýaly sergide öz ekspozisiýasyny görkezdi, şeýle hem Berlin şäherindäki sergide ýurdumyzyň syýahatçylyga degişli mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şu ýylyň ahyryna çenli Madrid we London şäherlerinde guraljak sergilere gatnaşmpak göz öňünde tutulýar. 

Öz gezeginde Türkmenistan ýurdumyzyň çäginde-de sergi bilen bagly işleriniň gerimini giňeldýär. Eýýäm däbe öwrülen forumlardan daşgary, şu ýylda Aşgabatda Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanyp ilkinji gezek Halkara atçylyk sergisi-ýarmarkasy guralar. 

Syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin beýleki pudaklaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak kanunalaýyk ýagdaýdyr we zerurdyr. Türkmen syýahatçylyk pudagynyň halkymyzyň durmuşy we medeniýeti, ruhy mirasy bilen gös-göni baglanyşykly bolmagy oňa mahsus bolan ýagdaýdyr. Nowruz baýramçylygy hem şol mirasyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şu ýylda bu baýramçylyk Türkmenistanda halkara derejesinde giňden we üstünlikli bellenildi. Adaty “Desterhan” atly sözbaşy şol waka bagyşlanyp, onda okyjylara milli aşhananyň käbir ýörelgeleri we bahardaky täze ýylyň esasy baýramçylyk nygmaty diýlip hasaplanýan semeni barada gürrüň berilýär. 

Şeýle hem daşary ýurtly okyjylara milli geraldikadaky müdimi başlangyçlaryň, oňat we paýhasly hakykatyň sazlaşygyny, ruhuň hakyky gymmatlyklarynyň egsilmez güýjüni görkezýän käbir nusgalaryň gelip çykyşynyň taryhy hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň alamatlary baradaky maglumatlary bilmek gyzykly bolsa gerek. 

Žurnalda türkmen okyjylary tarapyndan halanýan “Dünýä täsinlikleri” atly sözbaşyly maglumatlar çap edilýär, şonda dünýädäki gözel tebigy künjekler bilen tanyşdyrylýar. Bu gezek gürrüň dünýäniň iň syrly we täsin tebigy ýerleriniň biri bolan Filippinlerdäki Puerto-Prinsesa ýerasty derýasy barada barýar.

Degişli makalalar

Ynanç Haty Haýsy Möhlete Tassyklanyp Biliner?

turkmenhabargullugy

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Türkmen Halysyna Bagyşlanan Sergi Guraldy

TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ STAMBUL ŞÄHERINDE BÜTİNDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI