15.9 C
Aşkabat
19.05.2024
SAGLYK

Ata obasynda täze saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy.

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň “Ata” geňeşliginiň Ata obasynda täze saglyk öýüniň ulanmaga berilmeginiň dabarasy boldy, dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, obanyň köp sanly ilaty gatnaşdylar. 

Ir bilen baýramçylyk görnüşinde bezelen täze saglyk öýüniň binasynyň ýanynda ruhubelentlik ýagdaýy dowam edip, aýdym-saz ýaňlandy, halk döredijiligi-tans toparlary çykyş etdiler. Açylyş dabarasynyň barşynda ýene-de bir hoş habar bu ýere ýygnananlara yglan edildi– saglyk öýüniň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň şa sowgady–täze “Tiz kömek” ulagy gowşuryldy. 

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary türkmen obasyny ösdürmäge, onuň düzümlerini kämilleşdirmäge hem-de täzelemäge kuwwatly itergi berýär, şonda durmuş ulgamynyň desgalaryna möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatlaryň- köp sanly obalaryň we şäherçeleriň keşbi hil taýdan özgerýär, şol ýerde milli maksatnamalara laýyklykda, senagat kärhanalary, bilim we saglygy goraýyş edaralary, medeni aň-bilim merkezleri gurulýar. Oba ilaty döwlet Baştutanymyza halkymyzyň saglygy hakynda ýadawsyz alada edýändigi, saglygy goraýyş ulgamyny, şol sanda oba lukmançylygyny hem ösdürýändigi we kämilleşdirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Saglyk öýüniň köp ugurly bir gat binasynyň taslamasy häzirki zaman talaplaryna laýyklykda düzüldi we ekologiýa taýdan gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen ýerli hususy gurluşyk guramasy tarapyndan bina edildi. Täze desgada maşgala lukmanlarynyň iş otaglary, fizioterapiýa, stomatologiýa, ginekologiýa, amal otaglary göz öňünde tutuldy, şolarda iň täze esbaplar we barlaghana enjamlary oturdyldy. Gündizki ýatymlaýyn bejergi alynýan otag hem bar. Saglyk öýüniň töweregindäki çäkler göwnejaý abadanlaşdyryldy hem-de bagy-bossanlyga öwrüldi—hemme ýerde ýaprakly we pürli agaç nahallary oturdyldy, seýil baglaryň ugruna özboluşly oturgyçlar we köçäni yşyklandyryjy çyralar goýuldy. 

Dabarada aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Degişli makalalar

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Ylym-Bilim Ulgamy, Saglygy Goraýyş we Sport: Innowasiýalar Ýolunda

turkmenhabargullugy

Uly Bilermenleriň Gullugynyň Çäklerindäki Bilelikdäki Taslama Türkmen-German Hyzmatdaşlygynyň Ugurlarynyň Biridir

Prezidentimiz Karara Gol Çekdi

syrach