34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
DURMUŞ

18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda küşt oýny geçirildi.

18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda küşt oýny boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi – şäher sport komitetiniň küşt sport mekdebiniň türgeni, FIDE-niň ussady Gözel Atabaýewa diňe bir öz ýaşyndakylaryň arasynda altyn medalyň we ýurduň iň gowy küştçüsi bolman , ol özüne Koreýanyň şäheri Inçhonda geçiriljek IV Aziýa oýunlarynyň baýraklary ugrunda göreşmeklik üçin ýer hem üpjün etdi.

Türkmenistanyň Çempionaty Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň sport merkezinde geçirildi. Çekişmeleriň dowamynda Gözel Atabaýewa 9 döwi öz peýdasyna we 5 döwi bolsa deňme-deň gutaryp, 11,5 utuk gazandy.

Türkmenistanyň ilkinjiliklerinde 16 ýaşly Gözeliň bu eýýäm 13-nji ýeňişi. Mysal üçin Gözel Atabaýewa biziň döwletimiziň wekil hökmünde üç gezek olimpiadalara- Germaniýanyň Drezden şäherinde 2008ý, Hanty- Mansiýsk (Russiýa döwleti)-2010ý, we 2012 ý Stambulda geçirilen olimpiadalara gatnaşdy.

2009-njy ýylda Elista özüniň döredileniniň 400 ýyllygyny belledi. Bu waka mynasybetli Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) Prezidenti Kirsan Ilýumjinow 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda ýaryş gurnamak başlangyjy bilen çykyş edende , şol ýaryşda Gözel kümüş baýragynyň eýesi bolupdy.

Indi Atabaýewa ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça IV Aziýa oýunlaryna çynlakaý taýýarlyk bilen barmaly bolýar. Sebäbi bu ýaryşlar tamamlanandan soň Aziýa oýunlarynyň indikisi Türkmenistanda geçiriler. Ýubileý sebitara Oýunlar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. Aziýanyň iň gowy türgenleri häzirki wagtda gurulýan Olimpiýa şäherçesinde ýaryşarlar. 

Degişli makalalar

DUYURU! TÜRKMENİSTAN UYRUKLU ÖĞRENCİLERİN DİKKATİNE

turkmenhabargullugy

Türkmen Žiwopisçileriniň Suratlarynda – Taryh we Däpler

turkmenhabargullugy

Maýa Kulyýewanyň sungaty.

syrach