18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Paýtagtymyzda we Ahal Welaýatynda Alnyp Barylýan Işleriň Barşy Bilen Tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Paýtagtymyzda we Ahal Welaýatynda Alnyp Barylýan Işleriň Barşy Bilen Tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça paýtagtymyz we onuň ýanaşyk çäkleri boýunça dikuçarda iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, “Aşgabat — 2017” Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler, şeýle hem Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk möwsümleriniň barşy bilen tanyşdy. Iş saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy.

Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegi boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere eýerýänler üçin nusgalyk görelde bolmak bilen, asylly endigine eýerip, iş gününi irki maşklar bilen başlady we soňra welosipedde dikuçar meýdançasyna geldi.

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek, adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, degişli jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işlemegi bilen şäherde nusgalyk arassaçylygy saklamak bilen baglanyşykly meseleler hem döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Ak mermerli Aşgabat gün-günden dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Paýtagtymyzda geçirilýän köpugurly işler özüniň oňyn netijesini berýär. Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek nukdaýnazaryndan has aýdyň duýulýar, öňde boljak Oýunlar ýurdumyzyň halkara sport hereketine mynasyp goşandy bolmak bilen, hakyky sport, parahatçylyk we dostluk baýramçylygyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçary özi dolandyryp, ýurdumyzyň baş şäherini synlady, bu ýerde alnyp barylýan işler hem-de aýratyn-da, ýol-ulag düzümlerini kämilleşdirmek boýunça, täze ýollary, köprüleri gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, Aşgabadyň yşyklandyryş ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşygy bilen içgin gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, ýollary abadanlaşdyrmak, ýolagçy awtobuslarynyň duralgalaryny ýerleşdirmek meselelerine oýlanyşyksyz çemeleşilýändigini aýdyp, munuň ýolbaşçylar üçin käbir amatsyzlyklary döredýändigi üçin bu işleriň geçirilişine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, köp zolakly köprüleriň golaýynda hem-de awtomobil ýollarynyň ugrunda ýerleşdirilýän duralgalar, ýerüsti we ýerasty geçelgeler ilat üçin amatlylyk talaplaryna hem-de häzirkizaman şäher gurşawlarynyň ölçeglerine laýyk gelmelidir.

Soňky ýyllarda Aşgabatda ýol-ulag ulgamlary düýpli döwrebaplaşdyryldy. Köp zolakly awtomobil aýrytlary guruldy, bular bolsa awtomobil ulaglarynyň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegine ýardam berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz täze gurlan ýollarda degişli ýol belgileriniň sanynyň we maglumat tablolaryň ýetmezçilik edýändigine ünsi çekip, Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň bu ugurda durmuşa geçirýän çärelerini işjeňleşdirmegini talap etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäheri ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda paýtagtymyzy gurmagyň nobatdaky tapgyrynda işler alnyp barylýar. Täze gurulýan desgalaryň keşbinde milli binagärlik ýörelgeleri hem-de şäher gurluşyk ulgamynda öňdebaryjy meýiller utgaşdyrylýar, olar ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, beýleki binalaryň we dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda gök zolaklaryň döredilmegine, sport we çagalar üçin oýun meýdançalarynyň abadanlaşdyrylmagyna hem-de tutuşlygyna adamlaryň amatly dynç almagy hem-de wagtyny peýdaly geçirmegi üçin, şeýle hem paýtagtymyzyň abadançylygyny üpjün edýän zerur şertler döredilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz täze binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna we gök zolaklaryň döredilişine, agaç nahallary bilen birlikde dürli gülleriň ekilmegine degişli birnäçe tabşyryklar berildi.

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň täze edara binalaryny gurmak işleri hem giň gerime eýe boldy. Onuň çäklerinde awtomobil ulaglarynyň goýulýan ýerlerini tertipleşdirmek maksady bilen, ýapyk awtoduralgalaryň gurulmagy paýtagtymyzyň şähergurluşyk maksatnamasyna bildirilýän ýene bir hökmany talapdyr.

Aşgabatda durmuşa geçirilýän möhüm iri taslamalar netijesinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbi okgunly özgerýär, ol gözelligi, özboluşlylygy hem-de milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, “Aşgabat — 2017” Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn ähmiýet berilýär, bu oýunlar şu ýylyň sentýabrynda türkmen paýtagtynda geçiriler.

Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri nazarda tutmak bilen, gurluşyk meýdançalarynyň töwereginde peýdalanylan gurluşyk materiallarynyň we serişdeleriniň galyndylarynyň toplanýandygy, munuň bolsa şäherde tozanyň döremegine getirýändigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň adyna degişli işleriň ýerine ýetirilmegine göwnejaý gözegçilik üpjün edilmeýändigi üçin nägilelik bildirdi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrülen “Türkmenistan” Teleradiogepleşikler merkeziniň töwereginde gurluşyk zibilleriniň toplanandygyny aýdyp, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylaryndan bar bolan kemçilikleri düzetmek boýunça tizden-tiz çäreleriň görülmegini talap etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň degişli gulluklarynyň işlerini kämilleşdirmegiň zerurdygyny, onuň döwrüň talaplaryna hem-de Aşgabadyň okgunly ösüş depginlerine laýyk gelmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň günbatar künjegine tarap ugur aldy. Häzirki döwürde bu ýerde şäheriň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, iri möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy, olaryň esasy maksady düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de adamlaryň durmuşy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek bolup durýar.

Bu ýerde durmuş maksatly häzirkizaman desgalary hem-de Köşi ýaşaýyş toplumynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary peýda boldy. Şeýlelikde, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan paýtagtymyzy ösdürmegiň toplumlaýyn konsepsiýasy iş ýüzünde durmuşa geçirilýär, ol innowasiýa ösüş ugruna hem-de şäher giňişliginiň doly sazlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belentlikden şäheriň günbatar böleginde alnyp barylýan işler hem-de bu ýerde bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň çäginde Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar, ol häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Täze ýokary okuw mekdebinde ýokarda agzalan ulgam üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylar, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny giňden peýdalanmak we talyplaryň hünär bilimlerini özleşdirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Okuw otaglary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary we beýleki innowasiýa serişdeleri bilen üpjün edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşy dowam edip, paýtagtymyzyň bu böleginde gurulýan awtoduralganyň gurluşygyny synlady. Bu desgadaky işler hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu ýerde sürüjiler üçin ähli zerur şertler we ulag serişdelerini goýmak üçin amatly ýagdaý üpjün ediler.

Bellenilişi ýaly, awtoulag serişdelerine ýeňil abatlaýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek hem göz öňünde tutulýar. Munuň özi onuň abat ýagdaýda saklanylmagyna mümkinçilik berer.

Milli Liderimiziň dikuçary öwrüm edip, Aşgabadyň demirgazyk tarapyna ugur aldy. Hormatly Prezidentimiz şäheriň bu böleginde peýda bolan täze ýaşaýyş toplumlaryny synlady. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde adamlaryň göwnejaý ýaşaýşy we ýokary derejede dynç almagy ugrunda amatly şertler üpjün edilen nusgalyk Täze zaman ýaşaýyş toplumy emele geldi.

Döwlet Baştutanymyz dikuçarda bu ýerde geçirilýän işler bilen tanşyp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde ileri tutulýan ähmiýet berilmelidir diýip aýtmak bilen, bu babatda Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy binagärlik hem-de inžener-tehniki pikirleriň iş ýüzünde işjeň peýdalanylmalydygyny bellemek bilen, her bir desganyň meýilleşdirilmegi onuň niýetlenilen maksadyna doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Şunda gurluşyk işleri her bir künjegiň tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulyp alnyp barylmalydygyny, oňa ylmy esasda jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz şeýle hem paýtagtymyzyň çäklerinde birnäçe könelişen kärhanalaryň bardygyny belledi. Netijede, bu desgalaryň işlemeýändigi sebäpli olaryň binalarynda birnäçe hususy kärhanalaryň ýerleşendigini, olarda bolsa ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň we beýleki zerur kadalaryň berjaý edilmeýändigini aýdyp, munuň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäher häkimligine, Jemagat hojalygy we Içeri işler ministrliklerine könelişen kärhanalary maksadalaýyk peýdalanmak, olary ulanmagyň ugurlaryny üýtgetmek ýa-da ýerinde täze desgalary gurmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

Milli Liderimiziň dikuçary Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň üstünde öwrüm etdi. Şäherleriň derejesinde ähli amatlyklar döredilen şunuň ýaly ýaşaýyş toplumynda hem ekologiýa meselelerine üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şäheriň eteklerinde nusgalyk şäherçeleriň döredilmegi, olaryň bagy-bossanlyga bürelmegi, täze tokaý zolaklarynyň kemala gelmegi ekologiýa ýagdaýyna we ýerli howa şertlerine oňaýly täsirini ýetirer diýip belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda geçirilýän iri möçberli gök zolaklary döretmek işleri çöl tarapdan öwüsýän tozanly ýellerden goragy üpjün eder. Bu bolsa öz nobatynda paýtagtymyzda we onuň eteklerinde amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegine ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şeýle hem Garagum derýasynyň ýakalaryna agaç nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegini dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi derýanyň akabasyna we onuň kenarlarynyň berkidilmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleri şäher häkimligi bilen birlikde Gurluşyk we binagärlik we Jemagat hojalygy ministrlikleriniň, ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleriniň yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.

Möhüm sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde derejä eýe bolan paýtagtymyzy ösdürmek boýunça wezipeler Aşgabatda amala aşyrylýan köpugurly işlerde öz beýanyny tapýar, bu işler häzirki zaman iri şäheriň köpugurly nusgasyny döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, milli Lidermiz şu ýylyň maý aýynda Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşanda Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň ýadygärligini belentlikde ýerleşýän ajaýyp künjege geçirmek boýunça degişli tabşyryklary beripdi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, beýik söz we filosofiýa taglymatynyň ussadynyň şygryýetiniň diňe türkmen edebiýatyny däl, eýsem dünýä edebiýatyny hem belende çykarandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýerleşdirilmeli künjegini kesgitledi, ol Köpetdag belentliginde oturdylar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, beýik akyldar şahyryň doglan ýeriniň beýik daglaryň arasynda ýerleşýändigini, onuň eserleriniň beýikligini nazarda tutup, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň paýtagtymyzyň günorta künjegindäki ajaýyp belentlikleriň birinde oturdylmagynyň örän buýsançly ýagdaýdygyny, munuň özi şol sanda türkmen halkynyň häzirki döwürde ýeten belent derejesiniň has aýdyň alamaty bolup durýandygyny belledi.

Beýik şahyryň täze ýadygärliginiň oturdyljak ýerinde çeper okaýyşlary, edebiýat agşamlaryny we köpçülikleýin medeni çäreleri guramak üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmeginiň möhümdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleler bilen baglanyşykly ähli işleri içgin işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 28-nji iýulda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna 50 günüň galýandygyny belläp, şol günüň ertesi,
29-njy iýulda ähli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna we işgärlerine welosipedlerde işe gelmeklerini teklip etdi. Şol gün paýtagtymyzyň çäklerinde nobatçy ulaglar, ýolagçy gatnadýan awtobuslar hereket eder. Munuň özi Aziada — 2017-ä taýýarlygyň çäklerinde guralýan özboluşly çäre bolup, ol jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli berkitmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady. Häzirki döwürde oba hojalyk pudagynda ekerançylar üçin möhüm möwsüm dowam edýär. Kärendeçi daýhanlar galla oragyny ýokary depginlerde alyp barýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, Ahal welaýatynyň etraplarynda ak bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Ony ýitgisiz we öz wagtynda ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Bu işde döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň işgärleri baradaky aladasy netijesinde satyn alnan we ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän kuwwatly tehnikalar ýokary öndürijilikli işledilýär.

ABŞ-nyň, Germaniýanyň we beýleki ýurtlaryň ýokary öndürijilikli tehnikalary galla oragy döwründe ekerançylaryň ygtybarly kömekçilerine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde bar bolan galla meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşyny synlap, orak möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginde netijeli çäreleriň ýola goýulmagynyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi A.Annamyradowyň bugdaý meýdanynyň üstünde öwrüm etdi. Hormatly Prezidentimiz uçuş belentlikden möhüm meýdan işleriniň barşyny synlady hem-de ekerança öz ünsi bilen bol hasyl ýygnamakda üstünlikler arzuw etdi. Çäksiz hoşallygyň nyşany hökmünde gallaçy-kärendeçi duran ýerinden döwlet Baştutanymyza netijeli zähmet çekmek we daýhanlaryň abadan durmuşy üçin döredilýän ähli şertlere çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Kärendeçi A.Annamyradowyň 30 gektar kärende ýerinde bugdaýyň bol hasyly ösdürip ýetişdirdi. Tejribeli ekerançynyň aýdyşy ýaly, ol kärende ýeriniň her gektaryndan 50 sentnerden gowrak hasyla garaşýar. Geçen ýyl ol özüne degişli ýerden 112 tonnadan gowrak bugdaý ýygnapdyr. Onuň bu ýylky meýilnamasy bolsa ak bugdaýdan 160 tonna hasyl almak.

Ak bugdaýly meýdanlary synlanyňda, halal zähmetden rysgal tapan daýhanyň beren sözüniň işinden aýra çykmajakdygyna, onuň galla oragy ýaly umumy işe mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýarsyň. Galla oragynda ulanylýan kuwwatly tehnika hasyly gysga möhletlerde ýygnamaga mümkinçilik berer. Watan harmanyna tabşyrylan hasyl üçin girdeji bolsa ekerançylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berer.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan meýdan işlerini synlady. Häzirki döwürde hasyldan boşan ýerlerde şüdügär sürümini geçirmek, gowaçalara ideg etmek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Mundan başga-da, kärendeçi daýhanlaryň zähmetinden kemal tapan dürli görnüşli gök önümleriň dürli görnüşleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi milli Liderimiziň içerki sarp edijileri we halkymyzy ter gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary bu ýerden paýtagtymyza tarap ugur aldy. Milli Liderimiz ýolugruna ýollaryň gurluşygy, ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşy tamamlap hem onuň jemlerini jemlemek bilen paýtagtymyzyň häkimliginiň ähli düzümlerine ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabady dünýäniň iň gözel we amatly şäherleriniň birine öwürmäge ýardam berýän şähergurluşyk maksatnamasyny ýokary derejede durmuşa geçirmek boýunça öňlerinde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkyna

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Daşary Işler Ministrliginiň Wekili Bilen Duşuşyk Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärleriň Saýlawçylar Bilen Duşuşyklary