15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

2017-nji Ýylyň Iň Gowy Mugallymy we Terbiýeçisi Kesgitlenildi

2017-nji Ýylyň Iň Gowy Mugallymy we Terbiýeçisi Kesgitlenildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşygy milli merkeziniň goldamagynda gurnan „Ýylyň mugallymy“ we „Ýylyň terbiýeçisi“ döwlet bäsleşikleriniň jemi jemlenildi.

Hormatly mugallym adyna dalaşgärleriň kär ussatlygyna baha beren eminler toparynyň hatarynda Bilim ministrliginiň we ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşygy milli merkeziniň, Millli bilim institutynyň we „Mugallymlar gazetiniň“ wekilleri, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Aşgabadyň A. Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary bardy.

Paýtagtmyza sebit bäsleşikleinde ýeňiş gazananlar ýygnandylar. Iki günüň dowamynda bäsleşige gatnaşan mugallymalar açyk sapaklar, watanperwerlik mowzugyndan „synp sapagyny“ geçdiler, interaktiw usulda dersler geçirdiler, täzeliklerdir öz döreden usullaryny paýlaşdylar. Döredijilik bäsleşiginde ýurduň iň gowy mugallymlary ýerine ýetiriş we döredijilik, aktýorlyk zehinlerini hem-de köpçülik bilen işlemek ukyplaryny açyp görkezdiler.

„2017-nji ýylyň mugallymy“ adyna Daşoguzyň 13-nji orta bilim berýän mekdebiniň iňlis dili mugallymy Jahan Garrybaýewa mynasyp boldy. Aşgabadyň 127-nji çagalar bagyndan Akjagül Jumanowa „2017-nji ýylyň terbiýeçisi“ diýlip ykrar edildi.

Milli bäsleşigiň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasynda oňa gatnaşanlaryň hemmesine ýörüte diplomlardyr gymmatly sowgatlar gowşurylyp, olaryň hünär ussatlygyna ýokary baha berildi.
Wiktoriýa NOWIKOWA

Degişli makalalar

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara ylmy maslahaty geçirilýär.

syrach

Warşawada Türkmenistan Bilen ÝHHG/DIAHBE-niň Arasyndaky Hyzmatdaşlygy Ýygjamlaşdyrmak Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Medeni Miras Egsilmez Ösüşli Özgertmelere Kuwwat Beriji Güýç