25.7 C
Aşkabat
08.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Şekillendiriş Sungaty Muzeýinde Bäşim Nurala Bagyşlanan Sergi Açyldy

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Bäşim Nuralynyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanyp milli žiwopis mekdebiniň ilkinji wekili bolan bu nakgaşyň işleriniň, şeýle hem onuň döredijiliginiň dürli tapgyrlary barada gürrüň berýän resminamalaryň, ussadyň döreden saz gurallarynyň sergisi açyldy.

Serginiň bölümleriniň biri türkmen žiwopisçileriniň we heýkeltaraşlarynyň öz eserlerinde Bäşim Nuralynyň keşbini döreden işleri bilen tanyşdyrýar. Sergide milli medeniýetde öçmez yz galdyran bu üýtgeşik zehinli şahsyýetiň adyny göterýän çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri-de goýlupdyr.

Serginiň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde ilkinji türkmen žiwopisçisiniň hossarlary-da geldiler. Dabarada çykyş eden muzeý işgärleri, sungat öwrenijiler, nakgaşlar we Bäşim Nuralyny ýakyndan tanamak miýesser edenler nakgaşyň köpugurly, bilime teşne, özüni haýsydyr bir täze zatda synap görmäge höwesek adam bolandygyny bellediler. Ol saz gurallarynyň ençeme görnüşini döretdi, aktýor hökmünde filme düşdi, aýaly Amansoltan bilen dokan tematiki halysy bolsa bu köpugurly zehiniň eskizi bilen döräpdi.

«Aýalymyň portreti» suratynda gözleri gülüp duran tegelek ýüzli dolmuş zenan şekillendirilipdir. Bäşim Nuralynyň suratlarynyň ählisinde şeýle zenan keşbi çekilipdir. Awtoryň pikiriçe, belki, owadanlyk şeýle bolmalydyr. Žiwopisçiniň «Türkmen gyzynyň portreti», «Molbertiň ýanydaky okuwçy gyz» suratlary we gözelleri wasp edýän beýleki işleri Rubensiň suratlaryndaky owadan dolmuş zenanlary ýada salýar.

Onuň köp adamly iň belli eserleri bolan «Garakölçüilik» we «Bagşy çopanlaryň arasynda» atly suratlary açykgöwünliligi bilen özüne maýyl edýär… Iş gyzyşypdyr, her kim öz işini çalt etmeli, şonda-da işgärleriň biri halaýan gyzyna söz aýtman durup bilmeýär. Ol bolsa guzujygy bagryna basyp, uýalmakdan we begençden ýaňa meýmiräpdir.

«Bagşy çopanlaryň arasynda» suratynda bagşy zenanyň sungatyna sarpa goýulýandygy görkezilýär. Çopanlaryň biri çaý guýunyp oturşyna aýdyma şeýle berlipdir welin, çaýyň käsesinden çogup duranynam duýmaýar.

Bäşim Nuralynyň uly agtygy Gülşen bu surat bilen baglanşykly bir wakany gürrüň berdi. Ol atasy «Bagşy çopanlaryň arasynda» suratyny çekip ýörkä ýaňy alty ýaşynda eken. Gülşen:

-Ata! Ata! Bu ýerde it näme işleýär? –diýip sorapdyr.

-Gorkma, ol çekilen-ä.

-Ata! Ata! Görýäňmi, çaý käseden dökülip dur-a!

Atasy onuň sözlerine gülüpdir. Ol agtygynyň başyny sypapdyr-da:

-Hakyky sungat hakykata ýakyn bolmaly –diýipdir.

Fotohabarçymyz Ýuriý Iwanowiç Şkurin Bäşim Nuralynyň hossarlaryny onuň çeken suratlarynyň biriniň öňünde surata düşürjekdigini aýdanda olaryň ählisi biragyzdan enesi we garry enesi Amansoltanyň portretini saýladylar. Bäşim Nuralynyň gelni Mähek tükmen dili we edebiýaty mugallymy, agtygy Serdar arhitektor bolup işleýärler, çowluklary Enaýy bilen Seýran nakgaş bolmagyň arzuwynda, Gülşen bolsa çaga döwri atasynyň adyny göterýän çeperçilik mekdebini tamamlady.

Sergä gelenleriň arasynda çagalar adatdakylardan kändi, olar Bäşim Nuraly adyndaky mekdebiň okuwçylarydy, bäsleşige hödürlenen işleriň awtorlarydy, çagalar emin agzalarynyň geljek netijesine garaşýardylar.

Elbetde, biziň pikirimiziň kärine ussatlaryň pikiri bilen gabat gelmezligi mümkin, şonda-da kiçi göwrümli heýkellerden Kerim Meredow bilen Nazargylyç Tejendurdyýewiň, žiwopis işlerinden – Oguljeren Durdyýewanyň, Oguljahan Rejebowanyň işlerini, şeýle hem Leýli Nuryýewanyň çeken Bäşim Nuralynyň grafiki portretini bellemekçi.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Halk Artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa Wideo

«Aşgabat 2017» Oýunlaryna Gatnaşyjylary Akkreditasiýa Etmek Boýunça Merkez Işe Başlady

Aşgabat Özbegistanyň Prezidentini Garşylaýar