25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YLYM

Ýerajy Çäkli Goraghanasy: Guşlaryň Gyşky Hasabaty Hem-de Türkmen Tebigatynyň Şahyrana Keşbi

22-25-nji ýanwar aralaygynda dünýä ähmiýetli suwly-batgaly ýerleri öwrenmek hem-de olary gorap saklamak boýunça ýurdumyzyň halkara borçnamalaryna laýyklykda we «Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy (CADI/КАДИ) – Türkmenistanyň çöllerini saklap galmak we olardan durnukly peýdalanmak» Taslamasynyň çäklerinde Repetek biosfera goraghanasynyň Ýerajy çäkli goraghanasynda gyşlaýan guşlaryň birinji sanawy geçirildi.

Hakyky ýagdaýyň ozalky barlaglara we elýeter maglumatlara esaslanýan çaklamalarymyzdan üýtgeşik bolandygyny dessine bellemek gerek. Süýji suwly Ýerajynyň, merkezi zeýakabanyň we golaýdaky şor suwly iki kölüň töweregine gözegçilik geçirilende 51 görnüşden 79171 baş gyşlaýan guş hasaba alyndy, olaryň 79050-si 9 topardan suwda-batgaly ýerlerde ýaşaýan guşlaryň 34 görnüşiniň wekilidi.

Olaryň şeýle köpdürlüligi, bir tarapdan, şu ýylky gyşyň ýumşak gelmegi bilen düşündirilýär, dogrusy, guşlary hasaba almagyň birinji güni howa -7 gradusa çenli aýazlady, kölüň kenara ýakyn ýerleri käýerlerde doňdy, kenarlaryna gar sepeledi. Başga bir tarapdan, munuň özi her hili iýmleriň köplügi, şeýle hem goraghananyň işgärleriniň gorag çäreleri netijesinde mümkin boldy.

… 24-nji ýanwar gijesi ýeňil ygally gök gübürdemesi hemmeler, şol sanda guşlar üçinem garaşylmaýan ýagdaý boldy, olar her gezek gök gübürdände sürüsi bilen asmana galýardylar, biraz salymdanam ýene-de suwa inýärdiler…

Biziň ylmy çaklamamyz dogry çykdy, ýagdaý serhetüsti gelip çykyşly we ähmiýetli biologik köpdürlüligi saklap galmak üçin täze howdanyň ýokary derejede peýdalydygyny görkezdi.

Olaryň arasynda iň köp sanlysy uzak demirgazykdan başga Ýewraziýanyň howdanlarynyň ählisinde höwürtgeleýän bize tanyş sakarbaraklardy, olaryň 47 müňe golaýyny hasaba aldyk, ikinji ýerde gyzylburun çümüji ördeklerdi – olaryň sany 29 müňe golaýlaýardy, üçünji ýerde gyzylbaşlardy – olaryň 2208-si hasaba alyndy. Özboluşly tebigatyzyma beletler bu sanlara geň galmasynlar, işlenilen döwürde iki müňden gowrak sanly surata düşürdik, olar gözden geçirilenden soň guşlaryň görnüşi we sany takyklanyldy.

Meniň pikirime görä, ornitologyň zähmeti bioköpdürlülikden rejeli peýdalanmak we ony geljekki nesiller üçin saklap galmak babatda olary öwrenmek hem-de maslahatlary taýýarlamak jähtinden örän gyzykly hem möhüm işdir. Ol ýagşy amaly we tejribe taýýarlygyny, synçylygy, sabyrlylygy we erjelligi talap edýär, kärini halaýanlar bu işden lezzet alýarlar.

Guşlaryň arasynda içerki howdanlarda demirgazykdan gelen – tautylar bizi hasam begendirdi, olaryň arasynda ulylary hem, ýaşajyklary hem, kiçi jübtün ördekler we beýleki guşlar-da bardy.

Jübtünleriň arasynda uly kölden göçüp, süýji suwly Ýerajydaky gamyş dykynlarynda gijesine gaçybatalga tapynanlary has köp sanly guşlardy. Olar säher sabada zeýakabanyň ugrundan uçup, suw daşan ýerlerden iýmit gözleýärdiler, agşamlaryna bolsa mekanyna dolanýardylar. Kölüň töwereginde, belki, başga ýerlerden bu ýere gyşlamaga gelendirler, az sanly guşlar ýa-da ownuk guş sürüleri gabat gelýärdi.

Tebigy ýerlerde bolşy ýaly, sakarbaraklardyr ördekler ýabany guşlaryň – ak guýruk suw bürgüdiniň, gulatylaryň, bedeneçi gyrgynyň, kepderiçi laçynyň we iň iri baýguşlaryň – hüwileriň gelmegine sebäp boldy, olar bu guşlary awlap, gyşlaýan guşlaryň sanyny tebigy taýdan düzgünleşdirijileriň işini ýerine ýetirýärdiler.

Gämi duralgasynyň töweregine gelen Gyzyl kitaba girizilen burmaly ýaş gotan we şor suwly köllerde galan gorçylar bizi has-da begendirdi.

Ýalpak suwly ýerlerde çapak balyklaryň irki işbil taşlaýyş döwri geldi, olaryň ýanynda gyşyna iýmit ýetmezliginden ejir çekýän jerehler we garabalyklar bardy, gyşlaýan oýlaryndan kepirler we lakgalar hem çykýarlar, Amyderýadan Gyzyl kitaba girizilen pilburunlaryň-da gelmegi mümkin.

 

Araçägiň golaýynda üç sany gunduza gabat geldik. Gyzyl kitaba girizilen beýleki jandarlardan güzere inýän keýikleri agzasa bolar, gum depelerinde we landşaftlaryň çäginde garagulaklar we gum pişikleri duş gelýär.

Demirgazyk Amerikadan getirilen we biziň howa şertlerimize uýgunlaşan ondatradyr nutriý hem özüni oňaýly duýýarlar. Ýerüsti gemrijilerden – alakalar, gum alakalary we atýalmanlar, hat-da oklukirpi hem köp sanly jandarlardyr.

Mör-möjek bilen iýmitlenýänlerden kirpi, seýrek halatlarda diňe Garagumda ýaşaýan alasyçan duşýar. Gum depeleriniň arasynda towşanlaryň aýak yzlary kän gabat gelýär, indi suw bilen birlikde bu ýerlerde gabat gelmeýän torsuk hem duş gelýär. Goraghananyň ösümlik dünýäsi hem baýdyr, ýylyň maýyl döwri bu ýerde her hili köpaýaklyjalar, möýşekilliler we mör-möjekler has köpdür.

Ýurdumyzyň özboluşly şeýle geň künjekleri, guşlaryň köpçülikleýin üýşýän ýerleriniň syn etmäge elýeterliligi ekologiýa syýhatçylygyny ösdürmek jahtinden geljegi ulydyr. Çöl ýelerde howdanlar seýrek duşýar, uçup barýan ördek sürüleri ertekilerdäki uçýan halylary, ýyrtyjy guşlar üstüni basan sakarbaraklar sürüsi bolsa animasiýon filmleri ýada salýarlar…

Hut şol pursatlarda Gýotäniň: «Togta, pursat! Sen şeýle ajap!» — diýen sözleri ýada düşýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidentinden

Ýurdumyzyň Awiamodelçileri Güýçlini Kesgitlediler

Türkmenistan we BMG Işjeň Gatnaşyklaryny Dowam Edýärler

turkmenhabargullugy