26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

7-nji Tapgyryň Çäginde “Köpetdag” “Merwden” Üstün Çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň ilkinji duşuşygy geçirilip, onda paýtagtymyzyň “Köpetdagy” marynyň “Merwini” kabul etdi.

“Köpetdag” stadionynda geçen bu duşuşyk 3:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Paýtagtymyzyň topary gazanan bu ýeňşinden  soň 11 utuk toplap, ýaryş tertibinde üçünji orna geçdi. 6 utugy bolan “Merw” topary bolsa 6-njy orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 9-njy maýda “Nebitçi” – “Altyn Asyr” hem-de “Energetik” – “Şagadam” toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen dowam eder.

Bu tapgyrda geçirilmeli “Aşgabat” – “Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşk 17-nji iýuna süýşürildi.

 

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 “Köpetdag” – “Merw” 3:1

Gollar: 16 Batyrgylyç Berdiýew, 69 Ali Borjakow, 89 Meýlis Diniýew (“Köpetdag”) – 39 Alibek Abdurahmanow (“Merw”)

Bellik: Şiri Annaýew (“Köpetdag”) 16-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Duýdyryşlar: 45+2 Ýazgylyç Gurbanow, 60 Serdar Baýramow, 85 Meýlis Diniýew (“Köpetdag”) – 14 Döwlet Baýramow, 90 Islam Gurbow, 90+2 Şanazar Tirkişew (“Merw”)

Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 700

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “AHAL” FK 6 5 0 1 11-2 15
2. “ALTYN ASYR” FK 6 3 3 0 11-5 12
3. “KÖPETDAG” FK 7 3 2 2 6-4 11
4. “AŞGABAT” FK 6 3 1 2 8-7 10
5. “ŞAGADAM” FK 6 2 2 2 3-4 8
6. “MERW” FK 7 2 0 5 4-10 6
7. “ENERGETIK” FK 6 1 2 3 3-6 5
8. “NEBITÇI” FK 6 1 0 5 4-12 3

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

syrach

WADA Bilen Toplumlaýyn Hyzmatdaşlyk Türkmen Sportunyň Arassalygyny Saklamaga Ýardam Eder

Türkmen Lideri’nin Kitabının Tanıtım Töreni Gerçekleştirildi

turkmenhabargullugy