22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistan we Katar Halkara Guramalarynyň Çäklerinde Özara Hyzmatdaşlyga Meýillerini Mälim Etdiler

Türkmenistan we Katar Halkara Guramalarynyň Çäklerinde Özara Hyzmatdaşlyga Meýillerini Mälim Etdiler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohada iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň öňünde çykyşynda bu sapara Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berjek waka hökmünde garaýandygyny mälim etdi.

Halkara düzüminiň çäklerinde ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça garaýşlaryň gabat gelýändigi bellenildi.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi. BMG agza döwletler bu Rezolýusiýany biragyzdan goldadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu resminama goldawy üçin Katara tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Bu waka Bitaraplyk syýasatynyň sebitde hem-de tutuş dünýä ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde kuwwatly gural bolup durýandygyny äşgär etdi.

Degişli makalalar

Zenanlaryň Zynat-Bezegi Ýaglyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” Atçylyk Sport Toplumyna Baryp Gördi

turkmenhabargullugy

ABŞ Nebitiň Bahalaryny Durnuklaşdyrmak Maksady Bilen G20-de Saud Arabystanyna Ýüzlenmek Isleýär

turkmenhabargullugy