26.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Woleýbol Boýunça Türkmenistanyň Kubogyny Almak Ugrundaky Ýaryş Tamamlandy

Ýakynda woleýbol boýunça erkekleriň klub toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň kubogyny almak ugryndaky ýaryş tamamlandy. Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň woleýbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu ýaryş Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň we Türkmen döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport binasynda geçirildi.
Dört toparçada geçirilen başlangyç bäsleşiklerde tapawutlanmagy başaran «Migrasiýa», «Talyp sporty», «Binagärlik», «Maliýeçi» toparlary final duşuşygynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Ýarym finalyň netijesi boýunça «Talyp sporty» «Migrasiýa» toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykan bolsa, «Maliýeçi» «Binagärlik» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.
Sport janköýerleriniň uly toparynyň uly şowhun bilen tomaşa eden final duşuşygynda «Talyp sporty» topary «Maliýeçiden» üstün çykyp woleýbol boýunça Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy. Ýaryş jemi jemlende «Maliýeçi» topary II orna, «Binagärlik» topary bolsa III orna eýe bolmagy başardy.
Bibi GAÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy

Çeşme: msy.gov.tm

Degişli makalalar

Ynsanperwerligiň Aýdyň Nusgasy

«Altyn Asyr» Bilen «Köpetdag» Utuk Paýlaşdy

Birža Täzelikleri