11.2 C
Aşkabat
01.03.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçyny Saýlady

Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçyny Saýlady

Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçynyň wezipesine Ýazdursun Gurbannazarowany saýlady. Milli Parlamentiň «Adalatçyny saýlamak hakynda» degişli Karary Türkmenistanyň Mejlisiniň şu gün geçirlen bäşinji çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda kabul edildi.

Adalatçynyň işi ynsanperwer ulgamda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryna laýyk gelýän Türkmenistanyň degişli Kanuny bilen düzgünleşdirilýär. Dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň tejribesini nazara almak bilen, Adalatçy tarapyndan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet derejesinde goralmagyny hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň olary berjaý etmegini we hormatlamagynyň mäkäm kepilliklerini döredýär.

Täze Kanunda göz öňünde tutulyşy ýaly, parlamentarileriň garamagyna üç adamyň kandidaturasy hödürlenildi, halk wekilleri gizlin ses bermek arkaly olaryň birini saýladylar.

Degişli makalalar

Hazar Deňziniň Meseleleri Boýunça Türkmenistanyň Hökümetara Toparynyň Mejlisi

syrach

Çeperçilik Muzeýinde Döwlet Baýdagynyň Gününe Bagyşlanan Talyplaryň Işleriniň Sergisi Açyldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Ikiçäk Gepleşikleri Geçirdiler