18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Prezidentinden.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size hem-de doganlyk türkmen halkyna Nowruz bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma döredýär.

Gadymy hem-de baky juwan Nowruz tebigatyň galkynmagyny we täzelenişi alamatlandyrýar, döwletlerimiziň we halklarymyzyň ýakyndygyny we taryhynyň umumydygyny ýüze çykaryp, olaryň arasyndaky dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň has-da berkemegine ýardam berýär.

Baharyň ilkinji günlerinde Siziň bilen Türkmenistanda bolan duşuşyklarymyzy we gepleşiklerimizi aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn. Şol gepleşikler özbek-türkmen gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça diňe bir özara pikir alyşmaga mümkinçilik bermän, eýsem-de, iki duldegşir we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň nusgasyny bütin dünýä jemgyýetçiligine nobatdaky gezek görkezdi.

Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly, tutuş sebitiň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň hem-de rowaçlylygynyň, döwletlerimiziň halklarynyň bähbitlerine köptaraply we uzakmöhletli özbek-türkmen hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegini we çuňlaşdyrylmagyny üpjün etjekdigimize çuňňur ynanýaryn.

Şu nurana baýramçylyk günlerinde Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň mähribanlaryňyza we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de jogapkärli döwlet işleriňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti

***

Türkmenistanyň Prezidentine Gazagystan Respublikasynyň Prezidentinden.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Biziň halklarymyz üçin umumy baýram bolan Nowruz mynasybetli hut öz adymdan we Gazagystanyň tutuş halkynyň adyndan ýollaýan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Goý, bütin adamzada şatlyk we abadançylyk bagyş edýän Nowruz baýramy dini ynanjyna we diline garamazdan hemmeleri agzybirlige we abadançylyga çagyrsyn, jebis we dostlukly halklarymyza köp bagtyýarlyk we şatlyk getirsin.

Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek, dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk ruhunda ýola goýlan gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň halklarynyň rowaçlygynyň bähbidine pugtalanjakdygyna hem-de netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size jogapkärli işiňizde uly üstünlikler, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden çykýan arzuwlar bilen,

Nursultan Nazarbaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti

***

Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidentinden.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident, gadyrly doganym,

Türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de dost we dogan türkmen halkyny däbe öwrülen, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzir umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan bu baýramçylyk dünýäniň ähli künjeklerinde dabaraly bellenip, Nowruzyň alyp gelýän söýgi we doganlyk duýgularyny dünýä ýaýmak boýunça umumy tagallalara ýardam edýär.

Nowruz baýramynyň gelip ýetmegi asudalygyň we durnuklylygyň alamaty hökmünde “täze günüň” diňe biziň ýurtlarymyzda we sebitde däl-de, eýsem, tutuş dünýäde dogmagynyň nyşanyna öwrüljekdigine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik, dost we dogan türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýip Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti

***

Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyndan.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň, hytaý halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size we türkmen halkyna gutlaglarymy beýan etmek hormatyna şatdyryn.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berip, dürli pudaklarda biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde işlemäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk we işleriňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy

***

Türkmenistanyň Prezidentine Täjigistan Respublikasynyň Prezidentinden.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň tutuş halkyny tebigatyň janlanmagynyň hem-de ýazky gije-gündiziň deňleşmeginiň gadymy baýramy—nurana Nowruzyň ýetip gelmegi mynasybetli uly kanagatlanma bilen gutlaýaryn.

Gündogarda hormat goýulýan baýramlaryň biri bolan Nowruz ynsanperwer we döredijilik däpleri – rehimlilik we asudalyk, şatlyk hem-de guwanç, päkýüreklilik we özara hormat goýmak ýaly däpleri bilen dünýäde çäksiz şöhrata eýe boldy hem-de halkara jemgyýetçiligi tarapyndan umumadamzat ösüşiniň täsin gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.

Biziň ýurtlarymyzyň onuň belent mizemez maksatlaryna daýanyp, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna hem-de ösdürjekdigine umyt edýärin.

Nowruzyň ajaýp günleri Size, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç hem-de dostlukly türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk, durnuklylyk we rowaçlyk arzuw etmäge maňa mümkinçilik berýär.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti

***

Türkmenistanyň Prezidentine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentinden.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny beýik ahlak gymmatlyklarymyzyň ajaýyp nyşany bolan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaýaryn.

Tebigatyň oýanmagynyň hem-de janlanmagynyň buşlukçysy bolup gelýän bu bahar baýramy ýürekdeşligi, dostlugy, adamlaryň arasyndaky raýdaşlygy berkidýär, olarda iň asylly häsiýetleri döredýär.

Nowruzyň gadymy däplerini häzire çenli saklap gelýän halklarymyzyň erk-islegine görä, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalarymyzy mundan beýläk-de yzygiderli dowam etjekdigimize ynanýaryn.

Bu ajaýyp baýramçylykda Size özümiň berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk baradaky iň oňat arzuwlarymy iberýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti

***

Türkmenistanyň Prezidentine Laos Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidentinden.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagyňyz mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Laos Halk-Demokratik Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň bähbidine, şeýle hem parahatçylygyň, durnuklylygyň we halkara hyzmatdaşlygynyň bähbidine has-da berkejekdigine ynanýaryn.

Size abadançylyk we asylly başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Bunnýang Woraçit,
Laos Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidenti

***

Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýerinden.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Hökümetine we türkmen halkyna gutlaglarymy beýan etmek hormatyna eýedirin.

Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn aragatnaşyklaryň durnukly ösüş ýagdaýy saklanýar, dürli ugurlarda özara gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär, bu bolsa ýurtlarymyza we halklarymyza bähbit getirýär. Men Siziň bilen bilelikde döwletlerimiziň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň strategiki hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykarylmagyny öňe ilerletmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk we işleriňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Li Kesýan,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri

Degişli makalalar

Türkmenistanda Raýatlary Harby Hasaba Almak Işleri Geçirilýär

Kaka Etrabynda Döwrebap Ýyladyşhana Toplumy Açyldy

Sy­ýa­hat­çy­lyk-Gir­de­ji­li Pu­dak

syrach