37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
DÜNÝÄ

Eýranda umumy saýlawlar geçirilýär.

Eýranda umumy saýlawlar geçirilýär.

Mejlisde 2/3 köplüge eýe bolan konserwatorlaryñ bu saýlawda hem üstünlik gazanmagyna garaşylýar.

Bellige alynan 48 milliona golaý saýlawçy 290 kürsüli parlamentiñ täze agzalaryny saýlar.

Saýlawa 3323 dalaşgär gatnaşýar.

Syýasy partiýalaryñ ýoklygy sebäpli saýlaw bäsleşigine dürli akymlar we toparlar gatnaşýar.

Saýlaw bäsleşiginiñ konserwator iki toparyñ arasynda çekeleşikli ýagdaýda geçjekdigi nygtalýar.

Prezident saýlawyndan soñ Mahmud Ahmedinežat bilen dini lider Aýetullah Hamaneýiñ arasyndaky dartgynlygyñ bu saýlawda hem dowam edýändigi nygtalýar. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

SUDANDA ERTIR ÄHLI HALK SESE GOÝULŞYGY GEÇIRLER

syrach

Türkmen Samboçylary Minskdäki Ýaryşyň Birinji Gününde Ýedi Medal Gazandylar

Moskwada geçirilýän döwletara sergisinde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrylýar

syrach