18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Zemin barada ylymlar kolleksiýasy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň täze binasynda geologiýa muzeýi üçin hem aýratyn ýer bar. Muzeýde ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň, geografiýa bölüminiň mugallymlarynyň we „Türkmengeologiýa“ döwlet korporasiýasynyň geologlarynyň ençeme ýyllaryň dowamynda toplan minerallary we daş bolup giden jisimleri toplanyldy.

Häzirki ekspozisiýa- has doly görnüşde bolup, ol 200 kw.m. meýdanda ýerleşýär we dag jynslarynyň, magdanlaryň we daş bolup giden jisimleriň müň görnüşini özünde jemleýär. Tebigy ekspozisiýalar, shemalar, eksponatlaryň köp planly görkezilişi Türkmenistanyň tebigy gözellikleri, dag jynslary we ýurduň tebigy gazylyp alynýan baýlyklary barada toplumlaýyn düşünje almaga mümkinçilik berýär. Muzeýde geografiýa fakultetiniň talyplary bilen umumy geologiýa, mineralogiýa, paleontologiýa we tebigaty öwreniş boýunça tejribe sapaklary geçirilýär.

Häzirki wagtda geologiýa ylmy möhüm orny eýeleýär. Sebabi bu ylym adamy onuň ýaşaýyş gurşawy, biosfera, onuň maddy we energetiki resurslary bilen berk baglanyşdyrýar. Okuw prossesinde bar bolan serişdeleri ulanmak we tebigat barada häzirki zaman ylmyny düşündirmeklik muzeýiň esasy maksady bolup durýar. Soňky döwürlerde uniwersitetiň muzeýi minerallaryň täze kolleksiýasy bilen baýlaşdyryldy we muzeý geologiýa boýunça ylymlaryň maddy arhiwi we Ýer baradaky ylymlar boýunça köpçülikleýin maglumatlaýyn merkezi boldy diýsek ýalňyşmarys.

Muzeý iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde dag jynslary, magdanlar, daş bolup giden jisimler, peýdaly gazylyp alynýan baýlyklar; ikinjisinde bolsa Türkmenistanyň goraghanalary we tebigy ýadygärlikleri barada eksponatlar ýerleşdirilen. Muzeýiň birinji bölüminde 11 sany bölümçe, şol sanda „Taryhy geologiýa“ , „Umumy mineralogiýa“, „Döreýiş ýagdaýlary boýunça dag jisimleri“, „Paleontologiýa“ we ş.m bölümleri özünde jemleýär. Kolleksiýalar tebigy ýadygärlikleriň suratlary, kartalar we shemalar bilen bezelen.

Muzeýiň ikinji bölegi Türkmenistanyň tebigy yadygärliklerine bagyşlanan. Ekspozisiýada ýurdumyzdaky 8 sany goraghana bagyşlanan stendler , tebigy görnüşler, özünde fotosuratlary jemläp, gaýalary we giňişlikleri şekillendirilen „Köýtendagyň karst gowagy“ ady bilen maket-dioramasy görkezilen. Muzeýde Köýtendagyň ajaýyp tebigy täsinligi bolan Hojapil ýapgydyndaky dinozawrlaryň yzlary hem öz şöhlelenmesini tapdy. Muzeýiň ekspozisiýalary Türkmenistanyň çäklerinde geologiki ylymlarynyň häzirki zaman ýagdaýyny we ýurdumyzyň tebigy baýlyklary baradaky maglumatlary täsirli we aýdyň özleşdirmekligiň üsti bilen adamyň aňyna ýetirmeklik esasynda gurnalandyr.

Muzeýe aýlanmak ilki bilen „Taryhy geologiýa“ bölümçesinden başlanýar. Bu ýerde onlarça, ýüzlerçe we millionlarça ýyl mundan ozal biziň Zeminimiziň ummanlarynda we deňizlerinde ýaşan mollýuskalaryň, bognaýaklylaryň, deňiz kirpileriň, deňiz liliýalarynyň we haýwanat dünýäsiniň beýleki jandarlarynyň daşa öwrülen görnüşleriniň uly kolleksiýasy ýerleşdirilen. Bulardan başga-da ýüzlerçe million ýyl mundan ozal ýaşan baglaryň daşa öwrülen görnüşleriniň böleklerini , Hojapil ýapgydyndaky dinozawrlaryň yzlaryny Gaplaňgyrdaky paleogen deňizlerinden akulalaryň dişlerini görüp bileris. „Paleontologiýa“ bölümçesinde gowy saklanyp galan daşa öwrülen zatlaryň ekspozisiýasy klasslar boýunça düzgünleşdirilen. Bu kolleksiýa zalyň merkezinde ýerleşdirilen uly göwrümli eksponatlary- äpet mollýusklaryň görnüşleri (ammonitler, merjen rifler, mezozoý döwründäki organogen hek daşlary) bilen doldurylan.

Daşa öwrülen zatlaryň ekspozisiýasyny „Umumy mineralogiýa“ bölümçesi dowam edýär. Ylmy taýdan sistemalaşdyrylan daşa öwrülen zatlaryň kolleksiýasy minerallaryň fiziki häsiýetlerini, olaryň reňklerini, ýalpyldysyny, sepleşigini, gatylygyny, olaryň tebigatdaky görnüşlerini (sekresiýa, syrygyp dörän görnüşinde) görkezýär. „Döreýiş ýagdaýlary boýunça dag jisimleri“ bölümçesi aýratyn ekspozisiýa bolup, onda magmatiki- jynsyň ergin we çökündi haldaky (gaçan gyýçak böleklerden ybarat, organogen we hemogen ) dag jisimleriniň ýagdaýlaryny we gara, reňkli magdanlaryň hem-de dünýäniň dürli känlerinde seýrek duş gelýän metallary görüp bolar.

„Sebitleýin geologiýasy“ bölümçesinde Türkmenistanyň esasy dag sebitleri bolan Gowurdakda, Köýtendagda, Köpetdagda, Uly Balkanda, Tüwergyrda, Badhyzda gabat gelýän dag jisimleri we haýwanat dünýäsi bilen tanşyp bolar. „Peýdaly gazylyp alynýan baýlyklar“ ekspozisiýasy Türkmenistanyň esasy känlerinden gazylyp alynýan daşlary , peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň kartasyny, Hazar deňziniň günorta böleginiň tektoniki kartasyny, halkara stratigrafiki şkalany, daglaryň ulaldylan fotosuratlaryny özünde jemleýär.

Muzeýde ekzogen we endogen prossesler hem öz ýerini tapdy. Ýeliň göçürip ýa-da owradyp emele getiren dag jynslaryndan emele gelen heýkelleri muzeýe gelýänlerde gyzyklanma döredýär. Ekspozisiýa haýwanlaryň, adamlaryň we başga zatlary ýatladýan neogen gumdaşlarynyň özboluşly görnüşlerini özünde jemleýär. Bu ýerde Günbatar Köpetdagdan (Gäwür) tapylan gumdaşynda saklanyp galan 2,5 million ýyl bolan gadymy düýe malynyň yzyny hem görüp bolar.

Mundan başga muzeýiň ekspozisiýasynda 145 million ýyl mundan ozal ýaşan 3 metrlik ýyrtyjy dinozawr-tirannozawryň maketini hem görüp bolýar. „Ýura döwrüniň parky“ atly stol maketinde şol döwürde ýaşan jandarlaryň kiçeldilen görnüşlerini görüp bolar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Watan Gahrymanlarynyň Hormatyna

syrach

Pekinde Aziada-2017-ä Bagyşlanan Sergi Açyldy

turkmenhabargullugy

Konserwatoriýanyň Uly Zalynda Uruş Ýyllarynyň Aýdymlary Ýaňlandy