11.04.2026
DÜNÝÄ

Hytaýyñ harby çykdajylary rekord derejede ýokarlaýar.

Hytaýyñ harby taýdan edýäñ çykdajylary rekord derejede ýokarlaýar.

Hytaýyñ hökümeti goranyş çykdajylaryny geçen ýyla görä 11 göterim ýokarlandyryljakdygyny aýan etdi.

Hytaýyñ harby çykdajylarynyñ täze döwürde 100 milliard dollardan geçmegine garaşylýar.

Hytaýyñ hökümeti tarapyndan berlen beýanatda Hytaýyñ ilatynyñ 1 milliard 300 million bolandygy, ilatyñ sany bilen deñeşdirilende goranyş çykdajylarynyñ gaty az bolandygy nygtaldy.

Hytaý harby çykdajylary taýdan ABŞ-dan soñ ikinji ýerde durýar.

Waşintonyñ harby çykdajylary ýylda 739 milliard dolar.

Hytaýyñ harby çykdajylary bolsa 106 milliard dollar.

Harby çykdajylar taýdan ABŞ-dan we Hytaýdan soñ 63 milliard dollar bilen Britaniýa gelýär.

ABŞ_nyñ Prezidenti Barak Obamanyñ geçen ýyl Günorta gündogar Aziýadaky esgerleriniñ sanyny ýokarlandyrjakdyklary hakyndaky çykyşynyñ Hytaýyñ harby jykdajylaryny ýokarlandyrmagynda täsiriniñ bardygy nygtalýar.

Synçylar Hytaýyñ 1990-njy ýyllardan bäri harby çykdajylaryny yzygiderli ýokarlandyrýandygyna ünsi çekýär. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

OPEC+ Boýunça Oňaýly Yşaratlara Garaşmanyň Netijesinde Nebitiň Bahalary Ýokarlanýar

turkmenhabargullugy

Rus Gazprom firmasy Özbegistan bilen şertnama baglaşdy.

syrach

Er-Riýadda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Metbugat Maslahaty Geçirildi