7.5 C
Aşkabat
02.03.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Ýolbaşçylaryna Sankt-Peterburg Şäheriniň Metrosynda Bolan Partlama Zerarly Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Ýolbaşçylaryna Sankt-Peterburg Şäheriniň Metrosynda Bolan Partlama Zerarly Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Sankt-Peterburg şäheriniň metrosynyň “Sennaýa ploşad” we “Tehnologiýa instituty” stansiýalarynyň aralygynda bolup geçen we köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Degişli makalalar

Hoş geldiñ Remezan!!!

syrach

Türkmenistanly Mekdep Okuwçylary «Infomatrix-2017» Kompýuter Taslamalarynyň Halkara Bäsleşiginde Medallaryň On Altysyny Eýelediler

turkmenhabargullugy

7-nji Aprelde Awazada «Aziada-2017 Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy» Atly Halkara Sport Kongresi Geçirler