21.9 C
Aşkabat
28.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýylyň ilkinji çärýegindäki işleriniň netijeleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Ol harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ilkinji çärýeginde alyp baran işleriniň netijelerine bagyşlandy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň işleriň ýagdaýy hem-de ozal berlen jogapkärli tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky hasabatlaryny diňledi.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna başyny başlan uly möçberli harby özgertmeleriniň barşy hem-de onuň çäklerinde milli goşunda geçirilýän düýpli özgertmeler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy düzümlerinde Ýaragly Güýçleriň umumy goranyş ukybyny we kuwwatyny berkitmek, şahsy düzümiň, ilkinji nobatda, beden taýdan taplanmagynyň hem-de gelip gowuşýan öňdebaryjy harby tehnikalaryň dürli görnüşlerine erk edip bilmekleriniň we dolandyrmagy kämilleşdirmekleriniň hasabyna söweşjeň we hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär.

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken Permanynyň ýerine ýetirilişi hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy bolup durýan Milli Goşunymyzyň güýjüni we kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň örän wajypdygyny nygtap, uly möçberli harby özgertmeleriň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şol özgertmeler, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny we döwrebaplaşdyrylmagyny, harby işgärleriň söweşjeň we watançylyk taýýarlygyny hem-de harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de doly bahaly dynç almagy üçin hemme şertleriň döredilmegini özünde jemleýär. Şeýle hem harby gullukçylaryň saglygyny berkitmäge, oňat beden taýýarlygyny we belent ruhuny saklamaga gönükdirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň geçirilmeginiň zerurdygy bellenildi.

Döwlet serhedindäki ýagdaýlar hem-de Watanymyzyň mukaddes araçäkleriniň goralmagyny güýçlendirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri geçirilen çäreler barada Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew hasabat berdi. Ol soňky ýyllarda iň täze ýöriteleşdirilen enjamlar hem-de döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylýan serhet gullugynyň mady-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerinde goldaw berýändigi üçin Belent Serkerdebaşa uly hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymdan bäri ýakyn goňşy ýurtlar hem-de olaryň dostlukly halklary bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine sarpa goýulýan türkmen topragynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmekde serhetçileriň bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýandygyny belläp, döwletimiziň möhüm we jogapkärli wezipe ýüklenen gullugyň işini kämilleşdirmek meselelerine mundan beýläk-de hemişe üns berjekdigini nygtady.

Soňra garamagyndaky düzümlerde işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministri I.Mulikow çykyş etdi. Hususan-da, IIM-niň ýolbaşçysy jemgyýetçilik düzgün-tertibini saklamak we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýylyň birinji çärýeginde amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýol-ulag düzüminiň işini yzygiderli kämilleşdirmek, sürüjiler we pyýadalar üçin amatly şertleri döretmek işleri alnyp barylýar.

Habar berlişi ýaly, hukuk goraýjy edaralar, saglygy goraýyş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji edaralar hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde hemişelik esasda ilat arasynda düşündiriş işleri alnyp barylýar, adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga gönükdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kanunylygy we düzgün-tertibi saklamakda içeri işler edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, IIM-niň ýolbaşçysyna, ýangyn we ýol howpsuzlygynyň berjaý edilişine hemişelik gözegçiligi üpjün etmäge borçly edip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz pyýada ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur şertleri döretmekde ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna, olaryň netijeli peýdalanylyşyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Soňra şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew çykyş etdi. Ol döwletimizde we jemgyýetimizde kanunylygyň yzygiderli berjaý edilişine gözegçilik edilişi boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Baş prokuror milli bähbitleriň goragynda durmak bilen, prokuratura işgärleriniň öz üstlerine ýüklenen borçlary ýerine ýetirip, hereket edýän kanunçylygy berk berjaý etmek boýunça eserdeň gözegçiligi alyp barýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň öňünde, ilkinji nobatda, kanunçylyk namalarynyň ähli kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmäge gözegçiligi amala aşyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň kanun bozulmalarynyň islendik synanyşyklarynyň öňüni almagy talap etdi.

Hasabat döwründe hereket edýän halkara hukugynyň kadalaryna pugta laýyk getirilýän ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hem-de kazyýetiň işlerine we olaryň çykarýan çözgütlerine berk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada Ýokary kazyýetiň Başlygy B.Çaryýew habar berdi.

Milli Liderimihz kazylaryň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigi barada aýdyp, ygtybarly, ýokary hünärli işgärleri saýlap almak we oýlanyşykly ýerli-ýerinde goýmak ýaly möhüm meselelere mundan beýläk hem uly üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowa söz berildi. Ministr döwletimiziň milli bähbitlerini goramak hem-de Türkmenistanyň durmş-ykdysady ösüşiniň bellenilen ähli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy şerti bolup durýan oňaýly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça alnyp barylýan yzygyiderli we maksada gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz döwlet garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmak işinde MHM-nyň ähmiýetli orun tutýandygyny belläp, ýurdumyzyň düýpli özgertmeler ýoly boýunça üstünlikli öňe ilerlemegini birnäçe esasy ýagdaýlaryň kesgitleýändigini aýratyn nygtady. Şol ýagdaýlaryň möhümleri syýasy durnuklylykdyr, Watanymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegini öz döredijilikli zähmeti bilen üpjün edýän halkymyzyň agzybirligidir we jebisligidir.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň ilkinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara derejeli logistika merkezine öwrülendigi nazara alnyp, ýurdumyza gelýän we Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçýän ulaglaryň ähli görnüşlerini gerekli derejede gözden geçirmegi üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük gullugynyň ýolbaşçysyndan Türkmenistanyň çäginden geçýän ýükleriň örän düýpli barlanylmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistan halkara derejesindäki iri ulag-üstaşyr halkasyna öwrülýär. Munuň bolsa gümrük gullugynyň ähli çäklerde, döredilýän halkara ulag geçelgelerinde sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şunda döwrebap tehnologiýalary peýdalanmagyň, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň barlag-geçiriş nokatlarynyň işgärleri üçin okuwlary we amaly dersleri yzygiderli geçmegiň hasabyna iş usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Soňra ýanwar-mart aýlarynda alnyp barlan işler barada Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow hasabat berdi. Ol jemlenilen netijeleriň ýurdumyza gelip-gidýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň yzygiderli artyşynyň durnukly ýagdaýlaryny aýdyň görkezýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman Türkmenistana barha artýan gyzyklanma aýdyň şaýatlyk edýän bu oňyn ýagdaýy kanagatlanma bilen belläp, gullugyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Adalat ministri B.Muhamedow, öz nobatynda, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, şahsyýetiň erkin ösmegi, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy we yzygiderli berjaý edilmegi üçin hemme şertleriň döredilmelidigini belläp, tejribeleri içgin öwrenmegiň hem-de ony täze taryhy eýýamyň durmuşa geçirilýän ähli döwlet maksatnamalaryna itergi bermäge gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylanda işjeň peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ähli beýleki düzümlerde bolşy ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda hem şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmalydygyna ünsi çekdi. Halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli myhmansöýerlik däpleriniň hyzmatyň häzirki zaman derejesi bilen utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýdyp, milli Liderimiz bu ugurda degişli gulluklaryň döwrebap işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýdylanlary jemläp, Ýaragly Güýçleriň işlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen harby we hukuk özgertmeleriniň geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni ýene-de bir gezek çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň arasynda düzgün-tertibi güýçlendirmegiň, ýaş nesilleri watançylyk we mukaddes harby borja wepalylyk ruhunda terbiýelemegiň wajypdygyny aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga üns bermegiň wajypdygyny belläp, döwletimiziň ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny artdyrmak, türkmen halkynyň parahat, döredijilikli durmuşynyň, onuň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň daýanjy bolup durýan Milli Goşunymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça mundan beýläk-de anyk çäreleri görjekdigini aýtdy. Hemişe bolşy ýaly, durmuş häsiýetli, ilkinji nobatda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek hem-de olaryň gulluk etmegi we dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek meselelerine uly üns berler.

Mejlisde şeýle hem birnäçe beýleki möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna mähriban halkymyza we eziz Watanymyza ak ýürekli gulluk etmek babatda öňlerinde duran wezipeleriň çözülmeginde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Haýwanat Dünýäsini Goramakda Hyzmatdaşlyk

Bilermenler Guşlary Hasaba Aldylar

Türkmenistanyň Prezidenti Ulag Syýasaty Boýunça Maslahat Geçirdi

turkmenhabargullugy