01.12.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Awazada “Aziada-2017: Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy” Atly Kongres Açyldy

Awazada “Aziada-2017: Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy” Atly Kongres Açyldy

Awazada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres işläp başlady.

Çäräni guraýjylar – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň wekillerini, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň, halkara sport federasiýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylaryny, hormatly myhmanlary bir ýere jemlän wekilçilikli forum Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyldy.

Kongresde Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzyň sport ulgamy we döwletara gatnaşyklary üçin, durmuş we ykdysady pudaklaryň toplumyndan sebit dünýä möçberinde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik strategiýasynyň ýerine ýetirilişine çenli ähmiýetine garalar.

Degişli makalalar

Alekper Ahmedow-Halkara Dag Marafonynyň Ýeňijisi

turkmenhabargullugy

An International Conference of Ministers of Transport Began Its Work in Avaza

turkmenhabargullugy

Daşoguz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Medeni Paýtagty Hökmünde Işini Jemledi