23.4 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen 3×3 Basketbol Topary Altyn Medallaryň Ugrunda

Türkmen 3x3 Basketbol Topary Altyn Medallaryň Ugrunda

Soňky ýyllaryň dowamynda 3×3 basketbol oýny dünýä boýunça giňden ýörgünli boldy we köçelerde oýnalýan sport görnüşinden Olimpiýa sport görnüşine öwrüldi. Aşgabat 2017-de hem Aziýa yklymynyň iň naýbaşy toparlary jemlener we 7 günüň dowamynda özara ýaryşyp, köpçüligiň bar ünsüni özüne çeker.

Basketbolyň kiçiräk görnüşi bolan bu sportuň tiz ýaýramagy hemmeleri haýran galdyrdy we 2020-nji ýylda geçiriljek indiki Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda 3×3 basketbol boýunça ýaryş diňe 2009-njy ýylda Ho Şi Mindäki Oýunlarda bir gezek geçirildi, şol sebäpli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sportuň şu görnüşiniň has hem giň ýaýramagyna mümkinçilik döreder.

Aşgabat 2017-ä Türkmenistanyň hem zenanlar, hem erkekler toparlary gatnaşar. Erkekler toparynyň düzümine 8 sany türgen girýär, olar: Toýly Baýryýew, Aleksandr Paşkow, Merdan Hojamedow, Maksim Otbozin, Pawel Awerýanow, Rustam Bagşyýew, Atamyrat Çaryýew we Sapaly Zaýirow.

Uzyn boýly we päk ýürekli Toýly Baýryýew toparyň lideridir. Eger-de ol kakasyndan görelde alan bolsa, hiç haçan basketbol meýdançasyna golaýlaşmazdy. “Belent” basketbol toparynyň 33 ýaşly oýunçysy bu barada şeýle gürrüň berýär: “Meniň kakam suwda ýüzmek we suwda oýnalýan polo boýunça tälimçidi. Men sport bilen meşgullanmagy suwda ýüzmek bilen başladym. Mundan başga-da, özümi karate sport görnüşinde hem synap gördüm. 12 ýylyň dowamynda men sportuň şu iki görnüşi bilen meşgullandym, basketbol oýnuny bolsa diňe boş wagtymy geçirmek üçin oýnaýardym. Soňra men diňe bir sport bilen has gowy meşgullanmaly diýen netijä geldim. Men basketboly saýlap, köpleri haýran galdyrdym. Meniň üçin bu netije üýtgeşik bolup görünmedi, sebäbi men bu oýundan diýseň lezzet alýaryn ”.

32 ýaşly Aleksandr Paşkow hem öň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanandygyny aýtdy, emma ýetginjek wagty boýunyň birden ösendigi türgeniň bu sporty saýlamagyny ýeňilleşdirdi.

“Men 10 ýaşymdan bäri sport bilen meşgullanýaryn. Birnäçe ýylyň dowamynda men sportuň üç görnüşine gatnaşdym, olar: futbol, suwda ýüzmek we basketbol. Emma soňra ählisine ýetişip, üstünlik gazanmajagyma we biri boýunça türgenleşmelidigime düşündim we basketboly saýladym. Bu netijä gelmek üçin köp pikirlenmeli bolmady, sebäbi synpdaşlarymyň arasynda men iň uzyn boýludygyma garamazdan, bu oýny gowy görýärdim” diýip, Aleksandr gürrüň berdi.

Ýaňy-ýakynda topar Polşada geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdi. Merdan Hojamedowyň aýtmagyna görä, ol ýerde topar agzybirlikde sentýabr aýynyň öňüsyrasynda soňky taýýarlyk tapgyryna başlady. Toparyň iň ussat türgenleriniň biri şeýle belledi: “Biz Polşada geçirilen ýygnanyşyklaryň dowamynda topar bolup birnäçe oýunlary oýnadyk. Ol öz-özümize baha bermek mümkinçiligini döretdi we nämäniň üstünde işlemelidigi görkezdi. Ählimiziň fiziki taýdan taýýardygymyzy ynam bilen aýdyp bilerin. Biziň ählimiz sentýabr aýynda boljak Aşgabat 2017 oýunlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys”.

Şeýle uly ýaryşda watandaş janköýerleriň öňünde çykyş etmek islendik bir türgen üçin uly bagtdyr we Hojamedowyň aýtmagyna görä, tomaşaçylaryň goldawy örän gowy täsir edýär.

“Topar Halkara basketbol federasiýasy tarapyndan Gollandiýada, Fransiýada, Italiýada we Türkiýede gurnalan ýaryşlara gatnaşdy. Ýaryşlarda toplan terjibämiz ata Watanymyzda geçiriljek oýunlarda örän peýdaly bolar we iň möhüm zatlaryň biri ildeş tomaşaçylarymyzyň goldawydyr” diýip, toparyň merkezi oýunçysy nygtady.

Toýly Baýryýew ýakynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşdy. Türkmen basketbolçylary ýarym final tapgyrynda Kataryň toparyna garşy çykyş etdi. Oýnuň netijesinde Katar üstün çykdy. T.Baýryýew geljekki ýaryş barada şeýle diýdi: “Ýaryşlar elbetde dartgynly geçer, emma biz elimizden gelýäniniň baryny ederis. Öz ýurduňda çykyş etmek üýtgeşik bolar. Biz bu ýaryşda medal gazanyp biljekdigimize ynanýarys”.

Toýly Baýryýewiň ýeňiş gazanmaga umydy bar bolsa, Aleksandr Paşkow diňe altyn medal gazanjakdygyna şübhesiz ynanýar. “Katarly, hytaýly we filippinlileriň toparlary ussat toparlar. Emma biziň ýeke-täk maksadymyz altyn medal gazanmakdyr. Biz munuň üçin köp türgenleşik geçdik we taýýardyrys” diýip sözüni jemledi.

3×3 basketbol boýunça oýunlar 3×3 basketbol arenasynda 18-24-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

Degişli makalalar

İstanbul’da İkamet İzni Başvurusunda Bulunan Yabancıların Durumuna İlişkin Açıklama

turkmenhabargullugy

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby we Hukuk Goraýjy Edaralarynyň Harby Gullukçylaryna, Işgärlerine, Harby Talyplaryna we Esgerlerine

V Aziýa Oýunlarynyň Petekleri Hakynda Ýygy-Ýygydan Soralýan Soraglar

turkmenhabargullugy