18.04.2026
DÜNÝÄ

Çanakgala şehitleri Türkmenistanda hatyralandy.

Çanakgala şehitleri Türkmenistanda hatyralandy.

Türkmenistanda ýaşaýan türkler Çanakgala şehitlerini hatyralamak üçin Milli bilim ministrliginiñ çäginde iş alyp barýan Anadoly liseýinde jemlenişdi.

Hatyralama çäresinde Türkiýäniñ Aşgabatdaky adatdan daşary doly ygtyýarly baş ilçisi Şewki Mütewelliogly söz sözledi.

Baş ilçi Mütewelliogly “Türk halky Çanakgalada watany, milleti, baýdagy üçin nämeler edip biljekdigini bütin dünýä görkezendir” diýdi.

Okuwçylar Çanakgala şehitlerini gürrüñ berýän gahrymançylyk şygyrlaryny okady.

Çanakgala ýeñişine bagyşlanyp geçirlen düzme bäsleşiginde dereje alan okuwçylara baýraklary gowşuryldy. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji Sessiýasy

syrach

Gürjistanyň Premýer ministri İwanişwili ikinji saparyny Azerbaýjana gurady.

syrach

Türkmenistan-BMG: Ösüşiň Global Maksatlaryny Gazanmakda Gyzmatdaşlyk

syrach