24.6 C
Aşkabat
19.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Dag gülleri Aşgabadyň merkezine uýgunlaşdyrylar.

Aşgabadyň merkezinde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň binasynyň ýakynynda, ýabany tebigatyň kiçijik bölegi ýerleşýär. Bu ýerde dag ösümlikleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň köpüsi Köpetdagyň we Köýtendagyň endemiki ösümlikleri bolup, seýrek duş gelýän ösümlik diýen derejä eýedirler hem-de Gyzyl kitaba girizilendir. Haçan-da bir wagtlar tebigatdan ýygnalan ýitip ýok bolup barýan ösümlikleriň bu görnüşleri paýtagtda bu synag meýdançasyny döreden alymlaryň berk gözegçiligi netijesinde şäher howa şertlerine uýgunlaşdylar.

Şu ýylyň bahary ýagynly we sowuk gunleriň köp bolmagy bilen dowam edýär. Şonuň üçin hem türkmen ösümlik dünýäsiniň beýik daglarda we sowuk dumanly daşly eňňitlerde ösýän seýrek duş gelýän görnüşleri üçin Aşgabadyň howasy häzir hem amatly bolup durýar. Gyzyl kitaba girizilen ösümlikleri idedýän professor Jumamyrat Gurbanowyň aýtmagyna görä, gyş paslyny oňat geçirmek bilen, ekilen ösümlikleriň ählisi endigan gögerdi.

Jumamyrat Gurbanow ýerlerine hemmesiini aýlanyp, ösümlikleiň ýagdaýyny her gün barlap durýar. Bu ýerde ýabany ösýän soganlaryň onlarça görnüşi, çigildemiň iki görnüşi, badhyz ungeriniň we türkmen mandragorasynyň birnäçe düýbi hem-de eýýäm ýalpyldaýan gök reňkli, jaňjagaz şekilli iri gülleri açylan Raddeniň gülleriniň – owadan ösümlikleriň köp sanlysy tertipli ekilipdir.

Bu tejribe meýdançasynyň döredilmeginiň maksady tebigatda örän seýrek duş gelýän we medeni zolakda ösdürip ýetişditmgi kyn bolan ýabany ösümlikleriň ýerli görnüşlerini gorap saklamakdan hem-de köpeltmekden ybaratdyr. Bu ýerde alynýan ösümlik tohumlarynyň iň sagdyn däneleri olary başga şertlerde hem, mysal üçin ýa-da ýabany ýabany rebigata gaýtaryp eltmek üçin seçilip alynýar.

referans:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň Arasyndaky Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

syrach

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Goňşy Özbegistanyň Çagalary Awaza Dynç Almaga Geldiler

turkmenhabargullugy