01.03.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti 18-19-njy Aprelde Gazagystan Respublikasynda Döwlet Sapary Bilen Bolar

Türkmenistanyň Prezidenti 18-19-njy Aprelde Gazagystan Respublikasynda Döwlet Sapary Bilen Bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-19-njy aprelde Gazagystan Respublikasynda döwlet sapary bilen bolar. Döwlet Baştutanymyzyň Astana boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Mejlisde döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýeti bellenildi. Hormatly Prezidentimiz öňde boljak ýokary derejedäki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köptaraply mümkinçiliginiň ösdürilmegine we hyzmatdaşlygyň täze möhüm ugurlaryna çykylmagyna ýardam etjekdigini belledi. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ýola goýuldy.

Degişli makalalar

Çeperçilik Muzeýinde Döwlet Baýdagynyň Gününe Bagyşlanan Talyplaryň Işleriniň Sergisi Açyldy

Hazarýaka Ýurtlaryň Wekilleri Sebitiň Serişdelerini Oýlanyşykly Peýdalanmagyň Ugurlaryna Garadylar

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirdi

turkmenhabargullugy