12.9 C
Aşkabat
20.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ajaýyp jülgedäki saglyk öýi.

Aşagabadyň eteginde Gökdere jülgesinde ýene-de bir çagalar sagaldyş öýi gurular. Onuň gurluşygyna aprel aýynda badalga beriler, 2013-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa, mekdep okuwçylarynyň gyşky dyňç alyş möwsüminiň başyna, 300 orunlyk bu çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi dynç aljaklaryň ilkinji toparyny kabul eder.

Ahal welaýatynyň häkimligi bu gurluşygyň baş buýuryjysy bolup çykyş edýär. Şertnama laýyklykda oňa ýakyn ýerleşýän çägi abadanlaşdyrmak, daşarky elektrik eltijini, suw üpjünçiligini we lagymy gurmak göz öňünde tutulýar. Beýleki sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde bolşy ýaly, bu täze sagaldyş öýünde hem çagalaryň oňat dynç almaklary, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli oňaýly şertler dörediler.

Dag jülgesiniň ajaýyp ýerinde ýerleşýän Gökdere jülgesi aşgabatlylaryň we onuň myhmanlarynyň iň gowy dynç alýan ýeri hökmünde bellidir. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ýerde ajaýyp çagalar şäherçesi – ähli amatlyklary bolan çagalar sagaldyş merkezleriniň bir gideni emele geldi. Bu ýerde ýurdyň ähli künjeginden gelýän çagalaryň müňlerçesi kanikullaryny geçirýärler. Bu ajaýyp jülgede dynç alyş öýleriniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygy-Parahatçylygyň we Durnuklylygyň Kepilidir

syrach

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk Etmeginiň Çäklerinde Çäreleriň Meýilnamasy Tassyklanyldy

Türkmenistan we ÝeHHG Ekologiýa Syýasatyny Durmuşa Geçirmekde Bilelikde Hereket Edýärler