21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Köýtendagyň syrlaryny açmak.

Halkara ylmy ekspedisiýasy 23-27-nji maý aralygynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda iş alyp barar. 28-29-njy maýda bolsa ekspedisiýanyň agzalary „Türkmenistanyň tebigaty: Köýtendagyň syry açylmadyk täsinlikleri“ ady bilen türkmen paýtagtynda geçiriljek halkara ylmy maslahatyna gatnaşarlar.



Mälim bolşy ýaly, bu ylmy çäreler türkmen halkynyň medeni mirasyny we ýurdyň ajaýyp tebigatyny çuňňur öwrenmäge hem-de ony dünýä ýüzüne ýaýmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Tebigaty goramak ministrligi, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň meseleleri boýunça Milli toparynyň müdiriýeti bu ekspedisiýanyň we maslahatyň guramaçylary bolup çykyş edýärler.



Köýtendag, ilkinji nobatda, özüniň ajaýyp tebigy gözelligi bilen meşhurdyr. Olaryň hatarynda örän gadymy hajjyklaryň aýak yzlary anyk ýagdaýda saklanyp galan meşhur Dinozawrlar ýapgydyny, rowaýata öwrülen Kyrkgyz gowagyny, uzynlygy onlarça kilometre uzap gidýän hem-de öz täsinligi bilen tapawutlanýan Garlyk gowaklar toplumyny görkezmek bolar. Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba belentligi hem Köýtendagda ýerleşýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen-Gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba Uniwersitetiniň Rektoryny Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler

turkmenhabargullugy