04.05.2024
DÜNÝÄ

L.Brahimi Siriýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy.

Şenbe güni BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi Damaskda Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Mualem bilen gepleşik geçirdi. 
Bu gepleşikleriň maksady nobatdaky gezek bu ýurtdaky ikitaraplaýyn hüjümleriň bes edilmegi üçin prezident Başar al-Assadyň režimine basyş görkezmekden ybarat boldy. Ýöne şenbe günki gepleşikleriň nähili netije bilen tamamlanandygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
Mundan ozal Lahdar Brahiminiň öňe süren tekliplerine Siriýanyň režimi oppozision söweşijileriň bu ýagdaýdan öz bähbitleri üçin hyýanatçylykly peýdalanyp, has aýgytly hüjümlere geçmekleriniň mümkindigi bilen jogap beripdi we bu ugurda anyk garantiýalaryň bolmagyny talap edipdi.
Lahdar Brahimi häzirki wagt, iň bolmanda, musulmanlaryň Gurban baýramynyň geçiriljek günleri ikitaraplaýyn hüjümleriň bes edilmelidigini öňe sürýär.

Degişli makalalar

Awazada Aziada-2017-ä Bagyşlanan Halkara Sport Kongresi Geçiriler

turkmenhabargullugy

Türkmenistan—Russiýa Federasiýasy: hyzmatdaşlyk

syrach

Prezidentimiz Pakistanyň daşary işler ministrini kabul etdi.

syrach